RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
5 Awg

GAZAGYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI MERKEZI AZIÝANYŇ DÖWLETLERINIŇ BAŞTUTANLARYNYŇ KONSULTATIW DUŞUŞYGYNA GATNAŞMAK ÜÇIN TÜRKMENISTANA GELDI

2021-nji ýylyň 5-nji awgustda Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistana geldi. Gazagystanyň Baştutany 6-njy awgustda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Merkezi Aziýanyň döwletleriniň Baştutanlarynyň üçünji Konsultatiw duşuşygyna gatnaşar. Saparyň çäklerinde Prezident Kasym-Žomart Tokaýewyň  Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen ikitaraplaýyn duşuşygyna garaşylýar.

DOWAMY
pic
5 Awg

GYRGYZ RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI ÝOKARY DEREJELI BÄŞTARAPLAÝYN DUŞUŞYGA GATNAŞMAK ÜÇIN TÜRKMENISTANA GELDI

Şu gün, 5-nji awgustda Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow Türkmenistana geldi. Saparyň maksady 6-njy awgustda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Merkezi Aziýanyň döwletleriniň Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygyna gatnaşmakdan ybarat. Saparyň çäklerinde Prezident Sadyr Žaparowyň  Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen ikitaraplaýyn duşuşygy meýilleşdirilýär.

DOWAMY
pic
3 Awg

TÄJIGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI TÜRKMENISTANA DÖWLET SAPARYNY AMALA AŞYRÝAR

2021-nji ýylyň 3-nji awgustynda Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon döwlet sapary bilen Türkmenistana geldi. 4-nji awgustda saparyň resmi bölegi başlandy. Prezident Emomali Rahmonyň ulag kerweni Aşgabadyň merkezinde ýerleşýän Garaşsyzlyk Meýdançasyna ugrady. Bu ýerde ýokary derejeli myhmany Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow garşylady. Mähirli salamlaşanlaryndan soňra, döwlet Baştutanlary özleri üçin ýörite niýetlenen ýere geçdiler. Bu ýerde Prezident Emom...

DOWAMY
pic
3 Awg

ÖZBEGISTANYŇ PREMÝER-MINISTRINIŇ ORUNBASARY, MAÝA GOÝUMLAR WE DAŞARY SÖWDA MINISTRINIŇ TÜRKMENISTANA SAPARY

2021-nji ýylyň 2-nji awgustynda Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, Maýa goýumlar we daşary söwda ministri Sardor Umurzakowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti iş sapary bilen Türkmenistana geldi. Saparyň barşynda S.Umurzakowyň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşygy geçirildi. Taraplar ýokary döwlet derejesindäki ygtybarly syýasy gepleşikler esasynda ilerledilýän döwletara gatnaşyklaryň ösüşiniň ýokary depginini kanag...

DOWAMY
pic
3 Awg

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI TÄJIGISTANYŇ SENAGAT WE TÄZE TEHNOLOGIÝALAR MINISTRI BILEN DUŞUŞDY

2021-nji ýylyň 2-nji awgustynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Täjigistan Respublikasynyň Senagat we täze tehnologiýalar ministri Şerali Kabir bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar giň gerimli türkmen-täjik gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça iki döwletiň gyzyklanmalaryny tassykladylar. Taraplar Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana öňde boljak döwlet saparynyň ikitaraplaýyn syýasy-diplomatik gatnaşyk...

DOWAMY
pic
3 Awg

BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ 75-NJI SESSIÝASYNYŇ PLENAR MEJLISINIŇ BARŞYNDA TÜRKMENISTAN TARAPYNDAN ÖŇE SÜRLEN KARARNAMA BIRAGYZDAN KABUL EDILDI

2-nji awgustda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow döwlet Baştutanyna Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň 96-njy plenar mejlisinde Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen «Koronawirus keseliniň (COVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin üznüksiz we ygtybarly halkara ulag daşamalary üpjün etmek maksady bilen ulagyň ähli görnüşleriniň arasyndaky arabaglanyşygy berkitmek» atly kararnama...

DOWAMY
pic
29 Iýul

DUŞANBEDE GEÇEN BILELIKDÄKI TÜRKMEN-TÄJIK TOPARYNYŇ MEJLISINDE HYZMATDAŞLYGYŇ DERWAÝYS MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2021-nji ýylyň 28-nji iýulynda Duşanbe şäherinde Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň onunjy mejlisi geçirildi. Toparyň türkmen bölegine Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarow, täjik tarapyna bolsa – Täjigistan Respublikasynyň Energetika we suw serişdeleri ministri Juma Daler Şofakir ýolbaşçylyk etdiler.  Mejlisiň barşynda taraplar türkmen-täjik gatnaşyklarynyň ýokary derejesini belläp geçdiler we ýoka...

DOWAMY