RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
24 Iýul

TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY BILEN ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK

2023-nji ýylyň 24-nji iýulynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşlikde deňhukukly, birek-birege ynanyşmak esasynda ýola goýulýan döwletara gatnaşyklaryň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Gahryman Arkadagymyz, ilki bilen, Prezident Şawkat Mirziýoýewi doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlady we onuň baştutanlygynda Özbe...

DOWAMY
pic
24 Iýul

KÖPÇÜLIKLEÝIN HABAR BERIŞ SERIŞDELERI ÜÇIN HABAR

Soňky wagtda halkara habar beriş serişdeleriniň birnäçesinde türkmen tebigy gazyny günbatar ugry boýunça ibermek taslamasyny durmuşa geçirmegiň mümkinçilikleri barada teswirler peýda bolup başlady. Gürrüň Ýewropa bazarlaryna türkmen "mawy ýangyjyny" ibermek maksady bilen, Hazar deňziniň düýbünden gaz geçirijisiniň gurluşygy barada gidýär (Hazarüsti turba geçirijisi). Uly göwrümli taslama gyzyklanmanyň şeýle “duýdansyz” ýüze çykmagy häzirki şertlerde, umuman, düşnükli hem muny düşündirip bolýa...

DOWAMY
pic
22 Iýul

ÝUNESKO-NYŇ IŞLERI BARADA TÜRKMENISTANYŇ MILLI TOPARYNYŇ MEJLISI GEÇIRILDI

Şu gün, 2023-nji ýylyň 22-nji iýulynda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygynda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň agzalary, degişli ministrlikleriň, pudak edaralaryň, jemgyýetçilik guramalaryň ýolbaşçylary we wekilleri, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary, şeýle hem wideoaragatnaşyk ulg...

DOWAMY
pic
21 Iýul

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI KOREÝA RESPUBLIKASYNYŇ MILLI ASSAMBLEÝASYNYŇ BAŞLYGYNY KABUL ETDI

2023-nji ýylyň 21-nji iýulynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip Türkmenistanda resmi saparda bolýan Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Çžin Pýony kabul etdi. Döwlet Baştutanymyz şu gezekki saparyň çäklerindäki duşuşyklaryň we gepleşikleriň ikitaraplaýyn parlamentara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna ýardam berjekdigine ynam bildirdi. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly,...

DOWAMY
pic
21 Iýul

TÜRKMEN–KOREÝ GATNAŞYKLARY ÖZARA BÄHBITLI WE DOSTLUKLY ÝOLY BILEN ÖSDÜRILÝÄR

2023-nji ýylyň 17–21-nji iýuly aralygynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedowyň ýolbaşçylygyndaky hökümet wekiliýeti Koreýa Respublikasynda iş saparynda boldylar. Saparyň maksatnamasyna laýyklykda, wekiliýet milli ykdysadyýetiň degişli pudak edaralarynyň wekilleriniň Koreýanyň degişli hökümet we hususy guramalary bilen gepleşikleri geçirmekden ybarat. Türkmen wekiliýetiniň düzüminde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýun...

DOWAMY
pic
20 Iýul

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ BAŞLYGY BILEN KOREÝA RESPUBLIKASYNYŇ MILLI ASSAMBLEÝASYNYŇ BAŞLYGYNYŇ ARASYNDA DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2023-nji ýylyň 20-nji iýulynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa bilen Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Çžin Pýonuň arasynda iki ýurduň wekiliýet agzalarynyň gatnaşmagynda duşuşyk geçirildi. Mejlisiň ýolbaşçysy dostlukly ýurduň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Çžin Pýony oňa ýokary sylagyň - “Bitaraplyk” ordeniniň gowşurylmagy bilen gutlady hem-de alyp barýan işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy koreýaly hyzmatda...

DOWAMY
pic
20 Iýul

TÜRKMENISTAN - KOREÝA RESPUBLIKASY: PARLAMENTARA GATNAŞYKLAR ÖSDÜRILÝÄR

2023-nji ýylyň 20-nji iýulynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Çžin Pýo bilen duşuşygy boldy. Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça öňe süren başlangyçlarynyň Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilm...

DOWAMY