RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
1 Iýul

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE BMG-NIŇ AGENTLIKLERINIŇ ÝOLBAŞÇYLARY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 1-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň edara binasynda Türkmenistanda akkreditirlenen Birleşen Milletler Guramasynyň agentlikleriniň we ýöriteleşdirilen edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri, BMG-niň hemişelik utgaşdyryjysy, BMG-niň Çagalar gaznasynyň, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Türkmenistandaky wekilleri, şeýle-de BMG-niň Ösüş...

DOWAMY
pic
29 Iýun

HYTAÝDA “GALKYNYŞ” MILLI AT ÜSTÜNDÄKI OÝUNLAR TOPARYNYŇ GÖRKEZME ÇYKYŞLARY GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 29-njy iýunyndademirgazyk-gündogar Jilin (Çançun şäheri) welaýatynda “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar  toparynyň görkezme çykyşlarynyň açylyş dabarasy  geçirildi. Açylyş dabarasyna Hytaýyň Milli Täjirçilik we Ösüş Maslahatynyň ýolbaşçysy, jenap Lanjun hem-de Jilin welaýatynyň dürli derejeli  partiýa we hojalyk ýolbaşçylary, çykyşlary gurnaýjy“Jilin Shengshi Totem Horse Calche Co. Ltd”   kompaniýanyň ýolbaşçylary, telekeçiler Federasiýasynyň wekilleri, suratkeşler, sungat i...

DOWAMY
pic
29 Iýun

BIRINJI HAZAR YKDYSADY FORUMYNA BAGYŞLANAN HALKARA MEDIA-FORUM GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 29-njy iýunynda «Arçabil» myhmanhanasynda şu ýylyň 12-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek birinji Hazar ykdysady forumyna bagyşlanyp halkara media-forum geçirildi. Media-foruma ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri, halkara we milli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň žurnalistleri, syýasatşynaslar hem-de žurnalistika hünärinde okaýan talyplar gatnaşdylar. Halkara media-forumyň başynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasy...

DOWAMY
pic
28 Iýun

MAROKKO PATYŞALYGYNYŇ ILÇISI ÖZÜNIŇ TÜRKMENISTANDAKY DIPLOMATIK IŞINE BAŞLADY

2019-njy ýylyň 28-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanda öz diplomatik işine başlaýan Marokko Patyşalygynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (ýerleşýän ýeri Nur-Sultan ş.) Abdeljalil Saubri bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda Marokko Patyşalygynyň Ilçisi özüniň ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony geljekde giňeltmek hakynda pikir alşyp, taraplar ulag, deňiz gatnawlary, syýahatçylyk ulgamlary bo...

DOWAMY
pic
28 Iýun

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE ÝAPON WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 28-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Ýaponiýanyň Liberal-demokratik Partiýasynyň Daşary işler boýunça müdirliginiň direktory, ýapon-türkmen parlament dostluk toparynyň sekretariatynyň başlygy Matsuşita Şinpeýiň ýolbaşçylygyndaky ýapon wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi.  Gepleşikleriň başynda Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky gatnaşyklarda ýetilen sepgitler barada pikir alşyp, taraplar dürli ugurlardaky ikitaraplaýyn...

DOWAMY
pic
28 Iýun

ÝAPONIÝANYŇ YKDYSADYÝET, SÖWDA WE SENAGAT BOÝUNÇA DÖWLET MINISTRI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 28-nji iýunynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat boýunça Döwlet ministri jenap Ýoşihiko Isozaki bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň oňyn ösüşini we strategiki häsiýetini bellediler. Mundan başga-da syýasy, söwda-ykdysady we medeni-gumanitar ulgamlarynda Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmekde ikitaraplaýyn gyzyklanmalar beýan edildi....

DOWAMY
pic
28 Iýun

AHALDA GAZDAN BENZIN ÖNDÜRÝÄN ZAWODYŇ AÇYLYŞ DABARASYNA BAGYŞLANYLAN BRIFING GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 28-nji iýunynda Aşgabat şäherinde Ahalda gazdan benzin öndürýän zawodyň açylyş dabarasyna bagyşlanylan brifing geçirildi. Çärä ýokarda agzalan zawodyň açylyş dabarasyna gatnaşmaga gelen ýokary derejeli myhmanlar, ýurdumyzyň nebit-gaz ulgamyna degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, daşary ýurt kompaniýalaryň, şeýle hem halkara we milli habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.  Brifingiň barşynda Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňe...

DOWAMY