SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ RAÝATLYGYNA KABUL EDILEN ADAMLARA PASPORTLAR GOWŞURYLDY
2018-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda Döwlet migrasiýa gullugynyň mejlisler zalynda Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilen adamlara pasportlary gowşurmak dabarasy boldy. Mälim bolşy ýaly, 24-nji sentýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti 735 adamy Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek hakynda Permana gol çekdi. Dabara ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň, halkara guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, harby ýokary okuw me...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE KOREÝA-MERKEZI AZIÝA DOSTLUK ASSOSIASIÝASYNYŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistana iş sapary bilen gelen Koreýa-Merkezi Aziýa Dostluk Assosiasiýasynyň prezidenti hanym Li Ok Rýonyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda Assosiasiýanyň prezidenti türkmen tarapyna myhmansöýer garşylandygy üçin öz minnetdarlygyny we amala aşyrylýan hyzmatdaşlyk üçin hoşallygyny bildirdi. Duşuşygyň barşynda Türkmenistan bilen Günorta Koreýanyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmat...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI NÝU-ÝORK ŞÄHERINE IŞ SAPARY BILEN GELDI
2018-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabadyň Halkara howa menzilinden Nýu-Ýorka tarap ugrady. Prezidentiň uçary birnäçe sagat uçandan soň, Jon Kennedi adyndaky Halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentini resmi adamlar garşyladylar. Howa menzilinden milli Liderimiz sapar wagtynda “Mandarin Oriental” diýen ajaýyp myhmanhanada ýerleşen özi üçin niýetlenen kabulhana tarap ugrady. Bu kabulhana Manhetteniň merkezinde ýerleşýär. Bu ýerde döwlet...
AŞGABATDA ABU-NYŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ 55-NJI MEJLISI GEÇIRILÝÄR
2018-nji ýylyň 30-njy sentýabry – 5-nji oktýabry aralygynda Türkmenistanda Aziýa-Ýuwaş Ummany teleradiogepleşikler birleşiginiň (ABU) Baş Assambleýasynyň 55-nji Mejlisi we onuň çäklerinde geçirilýän çäreler öz işine başlady. Bu foruma bagyşlanyp “Ýyldyz” myhmanhanasynda ýöriteleşdirilen sergi gurnaldy. Serginiň açylyş dabarasynda Aziýa-Ýuwaş Ummany teleradiogepleşikler birleşiginiň Baş Sekretary Dr. Javad Mottagi çykyş etmek bilen, Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowy...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ NÝU-ÝORK ŞÄHERINE IŞ SAPARY BAŞLADY
2018-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky Hökümet wekiliýeti Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisine gatnaşmak üçin Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherine iş sapary bilen ugrady. Saparyň dowamynda Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Birşelen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde çykyş etmegine, hem-de Türkmen-Amerikan işewür maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar.
TÜRKMENISTANDA GARAŞSYZLYK GÜNI BELLENILDI
2018-nji ýylyň 27-nji sentýabrynda Türkmenistanda baş döwlet baýramy — Garaşsyzlyk güni uly we köpöwüşginli dabaralar bilen bellenildi. Ýurdumyzyň baş meýdany Garaşsyzlygymyzyň 27 ýyllygy mynasybetli esasy dabaralaryň geçirilen ýerine öwrüldi. Bu ýere aşgabatlylaryň müňlerçesi hem-de ýurdumyzyň we dünýäniň dürli künjeklerinden gelen köp sanly myhmanlar ýygnandylar. Münberde hökümet agzalary, Mejlisiň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň...
DUŞENBE ŞÄHERINDE GDA-NIŇ DIM-Ň GEŇEŞINIŇ MEJLISI GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 27-nji sentýabrynda Duşenbe şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisi geçirildi. Daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylary Arkalaşygyň hukuk esasyny kämilleşdirmäge we ösdürmäge, ynsanperwer hyzmatdaşlygyny geljekde giňeltmäge gönükdirilen 15-den gowrak resminamanyň taslamalaryna garadylar. Wekiliýet ýolbaşçylary düzüminde geçirilen mejlisde oňa gatnaşyjylar halkara gün tertibiniň wajyp meseleleri we Arkalaşygyň çäginde özar...