img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
KOREÝA RESPUBLIKASY - SEUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
7 Noý

Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy

2026-njy ýylyň 6-njy noýabrynda Gazagystan Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Iordaniýa Haşimit Patyşalygynyň Patyşasy Abdulla II ibn Al Husseýn bilen duşuşdy. Söhbetdeşler emeli aň ulgamynda howpsuzlyk boýunça Akaba prosesiniň Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlary derejesindäki duşuşygyň çäklerinde duşuşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirip, Türkmenistanyň hem-de Iordaniýanyň dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge we özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan be...

DOWAMY
pic
7 Noý

Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy

2026-njy ýylyň 6-njy noýabrynda Gazagystan Respublikasyna iş saparynyň ikinji gününde Prezident Serdar Berdimuhamedow emeli aň ulgamynda howpsuzlyk boýunça Akaba prosesiniň Merkezi Aziýa döwlet Baştutanlary derejesindäki duşuşygyna gatnaşdy. Sammit Garaşsyzlyk köşgünde geçirildi. Bu ýerde Prezident Serdar Berdimuhamedowy Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew we Iordaniýa Haşimit Patyşalygynyň Patyşasy Abdulla II mähirli garşyladylar hem-de bilelikde ýadygärlik surata düşd...

DOWAMY
pic
5 Noý

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň SEforALL halkara guramasynyň Ýerine ýetiriji direktorynyň orunbasary bilen duşuşygy

2026-njy ýylyň 4-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň «Hemmeler üçin durnukly energetika» (SEforALL) halkara guramasynyň Ýerine ýetiriji direktorynyň orunbasary Stefano Marguçço bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň SEforALL guramasy bilen durnukly energetika, energetika howpsuzlygyny üpjün etmek we halkara energetika özara baglanyşygyny pugtalandyrmak ugurlaryndaky hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň geljekki mümkinçiliklerini ara alyp ma...

DOWAMY
pic
5 Noý

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebitleýin merkeziniň ýolbaşçysy bilen duşuşygy

2026-njy ýylyň 4-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebitleýin merkeziniň ýolbaşçysy Kaha Imnadze bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň Sebitleýin merkez bilen özara hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerine, şeýle hem Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi pugtalandyrm...

DOWAMY
pic
5 Noý

Türkmenistanyň DIM-inde BMG-Habitatyň wekili bilen duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 4-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň (BMG-Habitat) sebitara geňeşçisi Katýa Şeferiň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň BMG-Habitat bilen hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şunda şäherleriň we ilatly nokatlaryň durnukly ösüşi, şähergurluşyk syýasatyny kämilleşdirmek hem-de...

DOWAMY
pic
5 Noý

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça kömekçisi bilen duşuşdy

2026-njy ýylyň 3-nji noýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça kömekçisi Pol Kapur bilen duşuşdy. Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin Gahryman Arkadagymyza hoşallygyny beýan edip, ABŞ-nyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmäge ähmiýet berýändigini aýtdy hem-de paýtagtymyzyň binagärlik keşbiniň özünde ýakymly täsirleri ga...

DOWAMY
pic
5 Noý

Türkmenistanyň Prezidenti «Toyo Engineering Corporation» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

2026-njy ýylyň 3-nji noýabrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistana sapar bilen gelen «Toyo Engineering Corporation» kompaniýasynyň prezidenti, Baş ýerine ýetiriji direktory, wekilçilik müdiri Eiji Hosoini kabul etdi. Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistan bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge Ýaponiýada aýratyn ähmiýet berilýändigini nygtady hem-de ýurdumyzda iş alyp barmagyň «Toyo Engineering Corporation» kompaniýasy üçin uly hormatdygyny...

DOWAMY