Türkmenistanda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ministrler derejesindäki birinji forumy geçirilýär

photo

2025-nji ýylyň 28-nji aprelinde Arkadag şäherinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) durnukly ösüş boýunça ministrler derejesindäki birinji forumy öz işine başlady.

Bu möhüm köptaraplaýyn duşuşygyň maksady 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibini durmuşa geçirmekden, tutuş adamzadyň nurana geljeginiň hatyrasyna häzirki döwrüň wajyp meseleleriniň çözülmegine umumy çemeleşmeleri taýýarlamakdan ybaratdyr.

Giň gerimli iki günlük forumyň işine YHG-a agza ýurtlaryň döwlet edaralarynyň, halkara düzümleriň, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşýarlar.

Bu ýerde guralan sergide foruma gatnaşyjylar ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynyň, azyk we dokma senagatynyň ýokary hilli önümleri, ulag, sport, saglygy goraýyş, derman senagaty ýaly ulgamlarda gazanan ägirt uly üstünlikleri bilen tanyşdylar.

Umumy mejlisiň başynda ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler.

Soňra Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Asad Majid Han foruma gatnaşyjylary mübärekläp, Türkmenistanyň Hökümetine mähirli kabul edilendikleri üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

YHG-nyň Baş sekretary “Gün tertibi – 2030-a” ýetmegiň ýolunda aýratyn tapgyry alamatlandyrýan hem-de guramanyň tutuş sebit boýunça alnyp barylýan hyzmatdaşlyk we syýasaty ylalaşmak üçin oňyn meýdança bolan forumyň ähmiýeti barada aýdyp, dünýäniň durnukly geljegi, abadan ösüşi boýunça umumy garaýyşlaryň kemala gelýändigini kanagatlanma bilen belledi.

Guramanyň ýolbaşçysy forumyň netijeli geçmegini arzuw edip, oňyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Soňra şu ýyl YHG-a başlyklyk edýän Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, ýurduň Hökümetiniň Diwanynyň ýolbaşçysy Galymžan Koýşybaýewe söz berildi.

Bildirilen myhmansöýerlik hem-de çäräniň ýokary guramaçylyk derejesi üçin türkmen tarapyna hoşallyk bildirip, G.Koýşybaýew söwda ulgamynda päsgelçilikleriň aradan aýrylmagynda, logistika baglanyşygynyň ösdürilmeginde, standartlaryň bir kybap görnüşe getirilmeginde hem-de sanly platformalaryň döredilmeginde tagallalary birleşdirmek boýunça gazak tarapynyň tekliplerini beýan edip, olaryň sebitiň çäginde ykdysady integrasiýanyň pugtalandyrylmagyna ýardam berjekdigini nygtady.

Soňra YHG-a agza ýurtlaryň wekiliýetleriniň ýolbaşçylary çykyş edip, döwrebap Arkadag şäherinde geçirilýän maslahatyň guramaçylaryna forumyň ýokary derejesi üçin hoşallyklaryny beýan etdiler.

Wekiliýetleriň ýolbaşçylary Durnukly ösüş maksatlaryny işjeň ilerletmegiň çäklerinde YHG-a agza ýurtlarda durmuşa geçirilýän işler barada aýtmak bilen, sebit giňişliginde energetika, ulag, söwda, ykdysadyýet ulgamlarynda üstünlikli amala aşyrylýan taslamalara, dünýäniň aýry-aýry döwletleri, iri halkara guramalar, maliýe edaralary bilen yzygiderli giňeldilýän hyzmatdaşlyga ünsi çekdiler.

BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko şu gezekki duşuşyga gatnaşmaga çakylyk üçin hoşallyk bildirip, howanyň üýtgemegi, azyk we energetika howpsuzlygy, gender deňligi ýaly meseleleriň möhüm hem-de umumy häsiýete eýedigini belledi we hökümetleriň, bileleşikleriň, ähli gyzyklanma bildirýän taraplaryň hem-de raýatlaryň tagallalarynyň bu wehimleri ýeňip geçmäge gönükdirilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Umumy mejlis tamamlanandan soňra, forumyň işi “Howanyň üýtgemegi we ekologiýa taýdan durnuklylyk”, “Durnukly maliýeleşdiriş, ykdysady ösüş we maddy üpjünçilik” atly mowzuklaýyn mejlislerde dowam etdi.

29-njy aprelde “Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmakda maşgala institutlarynyň we demografik meýilleriň orny”, “2026–2035-nji ýyllar: YHG-nyň garaýşy” atly mowzuklaýyn mejlisler guralar.

Forum öz işini dowam edýär.