Türkmenistanda Kolumbiýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi işe başlady

photo

2025-nji ýylyň 28-nji aprelinde Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Kolumbiýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ektor Isidro Arenas Neýradan ynanç hatyny kabul etdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy Türkmensiatnyň Prezidentiniň adyndan Ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa iki ýurduň arasynda gatnaşyklary ösdürmek boýunça alyp barjak işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Ilçi hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, Kolumbiýanyň Prezidentiniň döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowa iberen mähirli salamyny, türkmen halkyna bolsa abadançylyk, rowaçlyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda diplomata Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň üstünlikli durmuşa geçirilýän içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary, ýurdumyzyň Mejlisiniň düzümi, onuň alyp barýan işi hakynda giňişleýin gürrüň berildi.

Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn, şol sanda halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde ýola goýulýan gatnaşyklar barada özara pikir alyşmalar boldy.

Duşuşygyň ahyrynda Kolumbiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.