Atçylyk medeniýeti boýunça koreý institutynyň direktory bilen geçirilen duşuşyk barada
2025-nji ýylyň 5-nji maýynda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçisi B.Durdyýewiň Koreýa Respublikasynyň Goýang şäherinde ýerleşýän Atçylyk medeniýeti boýunça koreý institutynyň direktory jenap Ko Sung-kyu bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşykda taraplar hususan-da atçylyk pudagynda türkmen tarapy bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak, atlary ýetişdirmek boýunça özara tejribe alyşmak bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy.
Ilçi B.Durdyýew ýurdumyzda atçylyk pudagyny ösdürmek, atçylyk sportuny höweslendirmek we bu ugurda gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary giňeltmek boýunça türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän işler bilen tanyş etdi. Şol bir wagtda ýurdumyzda ahalteke atlary bilen işleşýän “Türkmenatlary” döwlet birleşiginiň işi, atçylyk pudagyna degişli hünärmenleri taýýarlaýan Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy, merkezi edarasy Aşgabatda ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy, “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň ussatlygy we ýeňişleri, galyberse-de her ýylyň aprel aýynyň soňky hepdesinde diýarymyzda giňden bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralar barada maglumat berdi.
Atçylyk medeniýeti boýunça koreý institutynyň direktory jenap Ko Sung-kyu öz gezeginde Türkmenistanda atçylyk pudagyna berilýän uly ünse özüniň şahsy tejribesinde göz ýetirendigi, çünki onuň 2016-njy ýylda ýurdumyza Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin amala aşyran saparynyň örän çuň täsir galdyrandygy barada habar berdi. Şeýle hem, Türkmenistanda ýetişdirilýän ahalteke atlarynyň tohumlarynyň aýratynlygyna we olaryň gözelligine ýokary baha berdi. Şunuň bilen baglylykda, koreý atşynasy atlary ösdürip ýetişdirmek we olara ideg etmek boýunça özara tejribe alyşmak maksady bilen türkmen tarapy bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygy hem-de Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasyna agza bolmaga isleg bildirýändigi barada belledi.
Duşuşygyň ahyrynda Ilçi B.Durdyýew Atçylyk medeniýeti boýunça koreý institutynyň direktory jenap Ko Sung-kyu Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk maslahatynyň Başlygy G.Berdimuhamedowyň “Gadamy batly bedew” atly kitabyny sowgat berdi.