Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçihanasy Seul dostluk festiwalyna gatnaşdy
2025-nji ýylyň 24-nji maýynda Seul şäheriniň häkimliginiň guramagynda Seul dostluk festiwalynyň (2025 Seoul Friendship Festival) geçirilendi we oňa Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçihanasy hem gatnaşandy.
Ilçihana tarapyndan ýaýbaňlandyrylan sergide Türkmenistanyň gadymy taryhyna we medeniýetine bagyşlanan, şeýle hem türkmen halkynyň baý we özboluşly däp-dessurlary bilen bagly amaly-haşam sungatynyň we milli egin-eşikleriniň nusgalary, ýurdumyza bagyşlanan kitaplar we žurnallar, türkmen suratkeşleriniň döreden çeper eserleri ýerleşdirildi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýazan kitaplary ilçihananyň diwarlygynda aýratyn orna mynasyp boldy we festiwala gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi.
Şeýle-de Seul dostluk festiwalynyň dowamynda oňa gatnaşanlar ilçihana tarapyndan Berkarar döwletimiziň alyp barýan oňyn we parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty we diplomatiýasy, durmuş-ykdysady ulgamynda gazanan uly üstünlikleri hem-de medeni-ynsanperwer ugry boýunça amala aşyrýan netijeli syýasaty, şeýle hem Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilýän çäreler bilen tanyş edildi.