Ilçi B.Durdyýew “Uglerod bitaraplygy we ýaşyl ösüşi gazanmak üçin halkara hyzmatdaşlyk” maslahatynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

img
img
img
img
img
img

2025-nji ýylyň 22-nji awgustynda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçisi B.Durdyýew Seul şäherinde Koreýa Respublikasynyň Premýer-ministri Kim Min Sokuň we beýleki Hökümet agzalarynyň gatnaşmagynda geçirilen “Uglerod bitaraplygy we ýaşyl ösüşi gazanmak üçin halkara hyzmatdaşlyk” maslahatynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Geçirilen çärede Koreýa Respublikasynyň Premýer-ministri Kim Min Sok çykyş edip, täze koreý Hökümetiniň gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ulanmagy artdyrmak, “RE100” (100% gaýtadan dikeldilýän energiýa) başlangyjyny durmuşa geçirmek üçin gysga wagtda ýöriteleşdirilen senagat toplumyny döretmek we uglerod bitaraplygyny hem-de ykdysady ösüşi gazanmak üçin ýaşyl energiýa geçişini üpjün etmek babatda meýilnamasy bilen tanyş etdi. Şeýle hem, zyýanly zyňyndylary azaltmak we howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak üçin BMG we beýleki halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ýokarlandyrmak boýunça alnyp baryljak işler barada maglumat berdi.

Çäräniň çäklerinde, Ilçi B.Durdyýew bilen Koreýa Respublikasynyň Premýer-ministri Kim Min Sokuň arasynda gysga wagtlyk söhbetdeşlik geçirmek mümkinçiligi boldy.

Onuň dowamynda Ilçi B.Durdyýew Türkmenistanyň Döwlet ýolbaşçylarynyň adyndan Koreýa Respublikasynyň Hökümet Baştutanyna mähirli salamlary ýetirip, ony bu wezipä bellenmegi bilen tüýs ýürekden gutlady. Şol bir wagtda Ilçi Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň täze Hökümetiniň arasynda ýokary derejeli gatnaşyklaryň ýola goýulmagy ugrunda Ilçihana tarapyndan ähli tagallalaryň edilýändigi barada mälim etdi. Şeýle hem Ilçi Koreýa Respublikasynyň Premýer-ministrine iki ýurduň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ýokarlandyrylmagyna umyt edip, oňa täze bellenen wezipesinde üstünlikleri arzuw etdi.

Koreý tarapy iberilen gutlaglar we salamlar üçin minnetdarlygyny bildirip, Koreýa Respublikasynyň Merkezi Aziýa döwletleri, hususan-da Türkmenistan bilen özara bähbitli gatnaşyklary dürli ugurlar boýunça täze derejä çykarmaga uly gyzyklanma bildirýändigi barada belledi.