Türkmenistanyň ilçihanasynda Aziýa medeniýetiniň milli merkezi üçin sergi esbaplarynyň resmi gowşurylyş dabarasy geçirildi

photo

2025-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçihanasynyň binasynda Türkmenistanyň medeniýet ministrligi tarapyndan Koreýa Respublikasynyň Aziýa medeniýetiniň milli merkezi üçin iberilen sergi esbaplarynyň resmi gowşurylyş dabarasy bolup geçdi. Dabaraly çärä Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçisi Begenç Durdyýew we Aziýa medeniýetiniň milli merkeziniň ýolbaşçysy Kim San Guk gatnaşdylar.

Koreý tarapyna sowgat berilen esbaplaryň arasynda baý we özboluşly türkmen medeniýetini görkezýän amaly-haşam sungatyna degişli önümler, şeýle hem türkmen halkynyň taryhy, medeniýeti we sungaty barada kitaplar bar. Olaryň arasynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýazan kitaplary aýratyn orun eýeleýär.

Sowgat berilen kolleksiýa 2025-nji ýylyň 25-nji noýabrynda Aziýa medeniýetiniň milli merkeziniň 10 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäreleriň dowamynda görkeziler.

Resmi dabaradan soňra taraplar iş duşuşygyny geçirip, onuň dowamynda medeni ulgamda, ekspozisiýalary alyşmakda hem-de bilelikdäki sergileri we çäreleri geçirmekde ikitaraplaýyn gatnaşyklary amala aşyrmaklygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.