Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysady meseleler boýunça orunbasary bilen duşuşdy

photo

2025-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda Owganystana saparynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysady meseleler boýunça orunbasary Abdul Gani Baradar bilen duşuşdy.

Abdul Gani Baradar türkmen halkynyň Milli Liderini mähirli mübärekläp, Türkmenistan bilen dostlukly gatnaşyklara Owganystanda ýokary baha berilýändigini belledi.

Gahryman Arkadagymyz Türkmenistan bilen Owganystanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň hoşniýetli goňşuçylyk we dostluk däpleriniň esasynda yzygiderli ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belledi.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, türkmen we owgan doganlyk halklarynyň arasynda söwda-ykdysady, ýangyç-energetika we ulag-aragatnaşyk ulgamlarynda hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Häzirki wagtda iki ýurt energetika, ulag we aragatnaşyk ulgamlarynda ägirt uly taslamalary bilelikde durmuşa geçirmäge gatnaşýarlar. Şolaryň hatarynda Türkmenistan—Owganystan—Pakistan—Hindistan gaz geçirijisi, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisi we optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijisi aýratyn orny eýeleýär.

Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz bu taslamalaryň Türkmenistanyň we Owganystanyň arasyndaky uzak möhletli doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirip, ýokarda agzalan taslamalaryň çäklerinde Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat—Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşyk işleri bilen bagly dabaraly çäreleriň geçiriljekdigini belledi.

Dostlukly ýurduň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary owgan halkyna berýän yzygiderli goldawy üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Şeýle hem Abdul Gani Baradar Türkmenistandan Owganystana yzygiderli ynsanperwerlik kömeginiň iberilýändigini belläp, munuň üçin türkmen tarapyna ýene-de bir gezek hoşallygyny beýan etdi.

Duşuşygyň ahyrynda Gahryman Arkadagymyz Türkmenistan bilen doganlyk Owganystanyň arasyndaky gatnaşyklary dürli ugurlar boýunça geljekde-de netijeli ösdürmek üçin bilelikdäki işleriň dowam etdiriljekdigini aýdyp, Abdul Gani Baradara we doganlyk owgan halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.