“Diplomacy Journal” žurnalynyň Türkmenistana bagyşlanan ýörite sany çap edildi

photo

Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçihanasy bilen hyzmatdaşlykda “Diplomacy Journal” žurnalynyň ýurdumyza bagyşlanan täze ýörite sany çap edildi. Bu sanda Türkmenistanyň esasy halkara başlangyçlary, diplomatik tagallalary we dünýäniň döwletleri bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça görkezilýär işleri açyp görkezilýär.

Şeýle hem bu neşirde Türkmenistanyň 2025-nji ýyldaky esasy wakalary, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň çäginde öňe süren başlangyçlary, Aşgabat şäherinde geçirilen ýokary derejeli halkara forumlary hem-de parahatçylygy we ynamy berkitmäge gönükdirilen işleri açylyp görkezilýär.

Galyberse-de žurnalda Türkmen-Koreý gatnaşyklarynyň ösüşine, hususan-da geçen ýylyň dowamynda geçirilen ýokary derejeli duşuşyklara, resmi saparlara we iki ýurduň arasynda ilkinji göni ýolagçy gatnawlarynyň başlanmagyna aýratyn üns berilýär. Žurnalda mundan başga-da ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmak ugrunda alnyp barylýan syýasy-diplomatik, ykdysady we medeni hyzmatdaşlyk baradaky habarlar çap edilen.

Žurnaly aşakdaky salgy arkaly okap bilersiňiz:

https://www.djournal.kr/news/article.html?no=25124

https://www.djournal.kr/ezview/index.html