Seulda Merkezi Aziýa döwletleriniň medeni mirasyna we Halkara Nowruz baýramyna bagyşlanan maslahat geçirildi
2026-njy ýylyň 18-nji martynda «Merkezi Aziýa-Koreýa» hyzmatdaşlyk forumynyň sekretariatynyň edara binasynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň medeniýetine we Halkara Nowruz baýramyna bagyşlanyp maslahat görnüşindäki medeni çäre geçirildi.
Bu çärä Koreýa Respublikasyndaky Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ilçileri, «Merkezi Aziýa-Koreýa» hyzmatdaşlyk forumynyň Sekretariatynyň ýerine ýetiriji direktory we onuň işgärleri, syýahatçylyk kompaniýalarynyň wekilleri, professorlar we ýokary okuw jaýlarynyň wekilleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň hem-de medeni birleşikleriň wekilleri gatnaşdylar.
Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi B.Durdyýew çykyş edip, gadymy taryhy bolan Nowruz baýramynyň Türkmenistanda parahatçylygyň, täzelenişiň we halklaryň arasyndaky dostlugyň nyşany hökmünde häsiýetlendirilýändigini belläp, bu Milli bahar baýramynyň «Nowruz ýaýlasynda» türkmen milli däp-dessurlara laýyklykda, ak öýleri dikip ýurdumyzda uly dabara bilen bellenilip geçilýändigi hakynda gürrüň berdi.
Şeýle hem Ilçi şu ýyl ýurdumyzyň Garaşsyz döwlet hökmünde döremegine şanly 35 ýylyň dolýandygy barada gatnaşyjylaryň dykgatyna ýetirip, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany» diýip atlandyrylan 2026-njy ýylyň dowamynda Türkmenistanda geçiriljek çäreler bilen tanyş etdi.
Bellenip geçilenlere goşmaça çäräniň dowamynda, sergi hökmünde Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň we Gahryman Arkadagymyzyň eserleri we ýurdumyzyň medeni gymmatlyklaryna degişli beýleki esbaplar hem görkezildi. Maslahatyň ahyrynda gatnaşyjylara türkmen milli süýjülikleri hödür edildi.