img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
KOREÝA RESPUBLIKASY - SEUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Koreýa Respublikasynyň Immigrasiýa gullugynyň Komissary bilen duşuşdy.

img
img
img
img
img
img
img
img

2026-njy ýylyň 7-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Koreýa Respublikasynyň Immigrasiýa gullugynyň Komissary jenap Ça Ýong-ho bilen duşuşygy geçirildi. Işjeň ýagdaýda geçen gepleşikleriň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky migrasiýa we konsullyk ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda türkmen tarapy iki ýurduň raýatlarynyň birek-biregiň ýurtlaryna ygtybarly syýahat etmegini we raýatlaryň hukuklarynyň hem-de bähbitleriniň goraglylygyny üpjün etmek boýunça teklipleri öňe sürdi.

Hususan-da, migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň ikitaraplaýyn şertnama-hukuk esaslarynyň kämilleşdirmegine koreý tarapynyň ünsi çekildi. Duşuşygyň ahyrynda taraplar işjeň häsiýetde geçirilen bu gepleşikleriň dowam etdirilmeginiň iki döwletiň bähbitlerine we ýokary derejeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna laýyk gelýändigini tassykladylar.