img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
KOREÝA RESPUBLIKASY - SEUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Bahar festiwalynda Türkmen medeniýeti tanyşdyryldy

img
img
img
img

Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçihanasy 2026-njy ýylyň 16-17-nji maýynda Seul şäherinde geçirilen “Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Bahar festiwaly 2026” atly medeni çärelere gatnaşdy.

Bu festiwal «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumynyň Sekretariýaty hem-de Koreýa Gaznasynyň howandarlygynda geçirilip, onuň dowamynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň medeni çykyşlary, sergileri we kinofilmleri görkezildi.

Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçihanasy festiwalyň dowamynda öz milli pawiliýony bilen gatnaşyp, köp sanly myhmanlaryň gyzyklanmasyna eýe boldy. Pawiliýonda ýurdumyzyň baý medeni mirasyny açyp görkezýän türkmen milli el işleri, dokma önümleri, zergärçilik şaý-sepleri, nakgaşçylyk eserleri we milli saz gurallary ýerleşdirildi. Şeýle hem, bu ýerde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýazan kitaplary hem ýerleşdirildi. Bu neşirler koreý myhmanlarynda Türkmenistanyň taryhy, medeniýeti we döwletliligi barada uly gyzyklanma döretdi.

Festiwalyň açylyş dabarasynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ilçileri, diplomatik missiýalaryň wekilleri we Koreýa Respublikasy Hökümetiniň wekilleri gatnaşyp, çykyş etdiler.

Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçisi Begenç Durdyýew öz çykyşynda bu festiwaly diňe bir medeni çäre hökmünde däl-de, eýsem Merkezi Aziýa döwletleri bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda çuňlaşýan we barha pugtalanýan hyzmatdaşlygyň aýdyň beýany hökmünde häsiýetlendirdi. Ol 2026-njy ýylyň sentýabr aýynda geçiriljek ilkinji «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» Sammitine gatnaşmak üçin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna meýilleşdirilýän saparynyň iki ýurduň arasynda gatnaşyklaryň ösdürilmeginde taryhy ähmiýete eýe boljakdygyna ynam bildirdi.

Ilçi B.Durdyýew dowamly pugtalanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň amaly netijelerine üns çekip, «Türkmenistan» awiakompaniýasy tarapyndan 2025-nji ýylyň 14-nji iýulyndan bäri Aşgabat-Seul-Aşgabat ugry boýunça yzygiderli ýerine ýetirilýän göni ýolagçy gatnawlaryny, şeýle hem 2023-nji ýylyň aprelinde ýola goýlan göni ýük gatnawlaryny aýratyn nygtady. Ol bu gatnawlaryň syýahatçylyk, işewürlik, bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikleri döredýändigini belledi. Pursatdan peýdalanyp, Ilçi çärä gatnaşyjylary gadymy siwilizasiýalaryň çatrygy bolan Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy.

Aýdylanlardan başga-da, festiwalyň çäklerinde «At-Myrat» atly (2017-nji ýylda režissýor W.Işangulyýew tarapyndan düşürilen) türkmen kinofilmi görkezilip, ol tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy.

2026-njy ýylyň ýurdumyzda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýip yglan edilmeginiň çäklerinde görkezilen bu film - koreý tomaşaçylaryna türkmen halkynyň asyrlar boýy terbiýeläp, nesilden-nesle geçirip gelen Ahalteke bedewlerine bolan söýgüsini we çuňňur hormatyny şöhlelendirdi.