img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
KOREÝA RESPUBLIKASY - SEUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi öz işine başlady

photo

2026-njy ýylyň 17-nji  iýunynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi öz işine başlady. Oňa gatnaşmak üçin Slowakiýa Respublikasynyň ykdysadyýet ministriniň orunbasary Wladimir Şimonýagyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet ýurdumyza geldi.

Paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda toparyň ýolbaşçylarynyň ikiçäk duşuşygy geçirildi. Onda Aşgabatda meýilleşdirilen duşuşyklaryň we gepleşikleriň Türkmenistanyň hem-de Slowakiýa Respublikasynyň arasynda ykdysady gatnaşyklary täze derejä çykarmakda wajyp ädim boljakdygy nygtaldy. 

Soňra Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirildi. Oňa toparyň iki ýurt tarapyndan ýolbaşçylary we agzalary gatnaşdylar.

Çykyşlarda bilelikdäki toparyň mejlisiniň ilkinji gezek geçirilýändigi, munuň bolsa Türkmenistanyň we Slowakiýanyň özara gatnaşyklary dürli ugurlar boýunça ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini görkezýändigi nygtaldy.

Mejlise gatnaşyjylar söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşyp, ykdysadyýetiň we söwdanyň dürli ugurlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine seretdiler. Şunda iki döwletiň hojalyk subýektleriniň arasynda ikitaraplaýyn ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de berkidilmegine ýardam berjek bilelikdäki taslamalara garamagyň möhümdigi tassyklanyldy.

Mejlise gatnaşyjylar bu ähmiýetli çäräniň guralmagy babatda döredilen mümkinçilikler üçin Türkmenistanyň we Slowakiýa Respublikasynyň Prezidentlerine hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Soňra Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisiniň işçi duşuşygy we ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi. Olara toparyň agzalary, ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar.

Duşuşyklaryň dowamynda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, gurluşyk, ulag, aragatnaşyk, maglumat tehnologiýalary, oba hojalygy, daşky gurşawy goramak, saglygy goraýyş we lukmançylyk, bilim, medeniýet, sport, syýahatçylyk ulgamlarynda wajyp meselelere garaldy.

Myhmanlar Aşgabatda bolmagynyň çäginde paýtagtymyzdaky medeni ojaklara, “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyndaky “Watan mukaddesligi” muzeýine baryp gördüler. Şeýle hem olar üçin Türkmen halysynyň milli muzeýine, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine aýlanmaga mümkinçilik döredildi.

18-nji iýunda toparyň birinji mejlisi öz işini dowam eder. Onuň jemleri boýunça degişli Teswirnama gol çekmek göz öňünde tutulýar.