img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
KOREÝA RESPUBLIKASY - SEUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Ankarada Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň DIM-iň arasyndaky syýasy geňeşmeleriniň nobatdaky tapgyry geçirildi

photo

2026-njy ýylyň 28-nji iýulynda Ankarada Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň düzüm birlikleriniň ýolbaşçylaryndaky derejesinde syýasy geňeşmeler geçirildi.

Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Ýakyn Gündogar ýurtlary bölüminiň ýolbaşçysy I.Amanlyýew, Türkiýäniň wekiliýetine bolsa Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa we Türki Döwletleri Guramasy baradaky Baş müdirliginiň başlygy Togan Oral ýolbaşçylyk etdiler.

Duşuşygyň dowamynda taraplar däp bolan ýokary derejedäki döwletara gatnaşyklaryň depginli ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belläp, ýokary derejedäki saparlaryň, şeýle hem daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky yzygiderli geçirilýän geňeşmeleriň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň möhüm şerti bolup durýandygyny nygtadylar.

Taraplar syýasy-diplomatik gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek, parlamentara hyzmatdaşlygy giňeltmek, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirmek, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän konsullyk meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem, ýokary derejedäki özara saparlaryň türkmen-türk gatnaşyklarynyň ösdürilmeginde esasy orun eýeleýändigi, iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna ýardam berýändigi hem-de ähli ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine täze itergi berýändigi aýratyn nygtaldy.

Taraplar Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga, şeýle hem halkara we sebit guramalarynyň çäklerindäki özara gatnaşyklara uly ähmiýet berýändiklerini tassykladylar. Şunuň bilen baglylykda, halkara guramalarynyň çäklerinde garaýyşlary utgaşdyrmak we özara goldawy mundan beýläk-de ösdürmek meseleleri boýunça pikir alyşyldy.

Ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça utgaşdyrylan hereketleriň zerurdygy barada durup geçilip, Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparynyň hem-de Türkmen-türk işewürlik geňeşiniň möhüm orny bellenildi. Söwda, ulag, energetika, gurluşyk we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem medeni-ynsanperwer, ylym-bilim, sport we saglygy goraýyş ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge özara gyzyklanmalar beýan edildi.

Mundan başga-da, türkmen wekiliýetiniň Ankara amala aşyran saparynyň çäklerinde Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Aýşe Berris Ekinji bilen duşuşyk hem geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-türk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga özara gyzyklanma bildirýändiklerini tassyklap, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň derwaýys meselelerini, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.