COP31-iň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň halkara we sebit guramalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary
2026-njy ýylyň 12-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatyna (COP31) gatnaşmagynyň çäklerinde, Türkiýe Respublikasynyň Antalýa şäherinde halkara we sebit guramalarynyň ýolbaşçylary bilen birnäçe duşuşyklary geçirdi.
Yslam dünýäsiniň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ISESCO) Baş direktory Salim Muhammed Al-Malik bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda bilim, ylym, medeniýet, daşky gurşawy goramak we durnukly ösüş ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy hem-de ony ösdürmegiň geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşykda Türkmenistanyň 2026-njy ýylda ISESCO-da synçy döwlet derejesine eýe bolmagy bilen baglylykda, Gurama bilen amaly hyzmatdaşlygy giňeltmäge aýratyn üns berildi. Bu ýagdaý bilelikdäki taslamalary we başlangyçlary durmuşa geçirmek üçin täze mümkinçilikleri açýar.
Geçirilýän halkara howa maslahatynyň gün tertibiniň çäklerinde howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleler boýunça halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, ylmy barlaglary ösdürmek, häzirki zaman ekologik tehnologiýalary ornaşdyrmak we hünärmenleriň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak meseleleri boýunça pikir alşyldy.
Şeýle hem medeni mirasy gorap saklamak, bilim we ylym ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek, tejribe we öňdebaryjy iş usullary bilen alyşmak meseleleriniň ähmiýeti bellenildi.
Duşuşygyň netijeleri boýunça Türkmenistan bilen ISESCO-nyň özara gyzyklanma bildirilýän ugurlarda hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga taýýardyklary tassyklanyldy.
* * *
BMG-niň az ösen döwletler, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler hem-de ösüp barýan kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekiliniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Roland Mollerus bilen geçirilen duşuşykda 2025-nji ýylyň 5–8-nji awgusty aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň (LLDC3) jemleýji resminamalarynyň amaly taýdan durmuşa geçirilmegine esasy üns berildi.
Şunuň bilen baglylykda, deňze çykalgasy bolmadyk ösýän ýurtlaryň bähbitlerine durnukly ösüş boýunça halkara hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlaryny kesgitleýän «Awaza» syýasy Jarnamasynyň we 2024–2034-nji ýyllar üçin Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça «Awaza» Hereketleriň maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi barada pikir alşyldy.
Türkmen tarapy agzalan resminamalaryň düzgünlerini, şol sanda durnukly ulag arabaglanyşygyny ösdürmek, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek, howanyň üýtgemegine durnuklylygy pugtalandyrmak we maliýe serişdelerini çekmek ýaly ugurlary yzygiderli durmuşa geçirmegiň möhümdigini nygtady.
Geçirilýän howa maslahatynyň çäklerinde deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň howanyň üýtgemeginiň netijelerine durnuklylygyny ýokarlandyrmak, şeýle hem olaryň häzirki zaman tehnologiýalaryna we halkara howa maliýeleşdiriş mehanizmlerine elýeterliligini giňeltmek meselelerine aýratyn üns berildi.
Şu nukdaýnazardan, türkmen tarapy Merkezi Aziýa ýurtlary üçin Howa tehnologiýalary boýunça sebit merkezini döretmek baradaky başlangyjy hem goşmak bilen, sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen başlangyçlaryň ähmiýetini belledi. Bu merkez ylmy-tehnologik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we möhüm ekologik meseleleriň çözgüdini tapmaga ýardam bermäge gönükdirilendir.
Duşuşygyň dowamynda BMG-niň Ýokary wekiliniň edarasynyň «Awaza» Hereketleriň maksatnamasynyň netijeli ýerine ýetirilmegini üpjün etmekde, şol sanda agza döwletler, BMG-niň ulgamy we halkara ösüş hyzmatdaşlary bilen özara gatnaşyklary utgaşdyrmakda möhüm orny bellenildi.
Duşuşygyň netijeleri boýunça «Awaza» maslahatynyň çözgütlerini iş ýüzünde durmuşa geçirmek we deňze çykalgasy bolmadyk ösýän ýurtlaryň bähbitlerini ilerletmek maksady bilen, Türkmenistanyň BMG-niň Ýokary wekiliniň edarasy bilen hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga özara gyzyklanma bildirilýändigi tassyklanyldy.
* * *
Ählumumy ýaşyl ösüş institutynyň (GGGI) ýerine ýetiriji direktorynyň orunbasary, «Ýaşyl ösüş» maksatnamalaryny durmuşa geçirmek boýunça müdirliginiň ýolbaşçysy Malle Fofana bilen geçirilen duşuşykda durnukly ösüş, ýaşyl ykdysadyýete geçmek we howanyň üýtgemegine garşy göreşmek ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ýaşyl maýa goýumlaryny çekmek, ekologiýa taýdan arassa häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, energiýa netijeliligini ýokarlandyrmak we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmek meselelerine aýratyn üns berildi.
Türkmen tarapy söhbetdeşini ýurtda daşky gurşawy goramak we howa gün tertibi boýunça durmuşa geçirilýän çäreler hem-de halkara başlangyçlar bilen tanyşdyrdy. Hususan-da, sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga, tehnologik mümkinçilikleri ösdürmäge we howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak boýunça amaly çözgütleri öňe sürmäge gönükdirilen Merkezi Aziýa üçin Howa tehnologiýalary boýunça sebit merkezini döretmek baradaky başlangyç bellenildi.
Duşuşygyň netijeleri boýunça taraplar özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça konstruktiw dialogy mundan beýläk-de ösdürmäge we amaly hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini öwrenmäge taýýardyklaryny beýan etdiler.