img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
KOREÝA RESPUBLIKASY - SEUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ýurduň halkara başlangyçlaryna bagyşlanan brifing geçirildi

img
img
img
img
img
img
img
img
img
img

2026-njy ýylyň 24-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ýurtda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň hem-de halkara guramalaryň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň gatnaşmagynda brifing geçirildi.

Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistanyň 2028-nji ýylda Halkara hukugynyň ýylyny geçirmek we oňa taýýarlyk görmek boýunça 2026–2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasyny tanyşdyrdy. Şeýle hem ol Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2026-njy ýylyň 16-njy noýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen «Birleşen Milletler Guramasy bilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň arasynda hyzmatdaşlyk» atly Kararnamanyň ähmiýeti barada maglumat berdi.

Öz çykyşynda daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy halkara hukugynyň ornuny pugtalandyrmagyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalarynyň we ýörelgeleriniň, şeýle hem BMG-niň Tertipnamasynyň düzgünleriniň berjaý edilmeginiň halkara parahatçylygyny, howpsuzlygyny we durnuklylygyny üpjün etmegiň esasy şertidigini nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2026-njy ýylyň 24-nji iýulynda kabul edilen 2028-nji ýyly Halkara hukugynyň ýyly diýip yglan etmek baradaky Kararnamanyň durmuşa geçirilmegi boýunça alyp barýan yzygiderli işlerine aýratyn üns berildi. Bu ugurda şu ýylyň 23-nji sentýabrynda «Halkara hukugy we Türkmenistanyň Bitaraplygy» atly Milli konsepsiýanyň kabul edilmegi hem-de 22-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan degişli Milli hereketler meýilnamasynyň tassyklanylmagy möhüm tapgyrlar hökmünde bellenildi.

Milli hereketler meýilnamasy alty sany esasy ugry öz içine alýar we milli hem-de halkara derejelerinde amala aşyryljak çäreleriň toplumyny göz öňünde tutýar. Şolaryň hatarynda BMG-niň Sekretariatynyň Hukuk meseleleri boýunça müdirligi bilen bilelikde Halkara hukugynyň ýylyna taýýarlyk görmek boýunça Ýol kartasyny işläp taýýarlamak hem bar.

2028-nji ýylyň esasy çäreleriniň hatarynda Halkara hukugynyň ýylynyň Aşgabatda we Nýu-Ýorkda resmi taýdan açylmagy, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 83-nji sessiýasynyň çäklerinde ýörite çäräniň, şeýle hem Halkara hukugy boýunça Ählumumy forumyň geçirilmegi bellenildi.

Türkmenistanyň Halkara hukugynyň ýylyny halkara gatnaşyklarynyň hukuk binýadyny pugtalandyrmaga we BMG-niň Tertipnamasynyň abraýyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen uzak möhletleýin halkara dialogynyň möhüm tapgyry hökmünde kabul edýändigi nygtaldy.

Brifingiň aýratyn bir bölümi BMG bilen GDA-nyň arasyndaky hyzmatdaşlyk meselelerine bagyşlandy. Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk edýän ýylynda we Arkalaşygyň döredilmeginiň 35 ýyllygynyň bellenilýän döwründe degişli Kararnamanyň kabul edilmeginiň iki guramanyň arasyndaky amaly hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin goşmaça mümkinçilikleri döredýändigi bellenildi.

Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Awazada geçirilen halkara parlament forumynda eden çykyşynda BMG bilen GDA-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak bilen bagly öňe süren garaýyşlaryna aýratyn üns çekildi.

Kararnamanyň düzgünlerini, şol sanda BMG-niň Baş sekretary bilen GDA-nyň Baş sekretarynyň arasynda yzygiderli geňeşmeleri geçirmek arkaly amaly taýdan durmuşa geçirmegiň ähmiýeti nygtaldy. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň bu işleriň utgaşdyrylmagyna ýardam bermäge taýýardygy beýan edildi.

Brifingiň ahyrynda öňe sürlen başlangyçlary amaly taýdan durmuşa geçirmek we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly meseleler boýunça pikir alşyldy.