SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň we Uganda Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi
2025-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Uganda Respublikasynyň Daşary işler ministri Jeje Odongonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar Türkmenistanyň we Ugandanyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny hem-de ösüşiniň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Diplomatlar halkara düzümleriniň, ilkinji nobatda Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerindäki özara gatnaşyklara aýratyn ä...
Aşgabatda Hazarýaka döwletleriň wekilleriniň gatnaşmagynda iş duşuşyklary geçirildi
2025-nji ýylyň 13–17-nji oktýabry aralygynda Aşgabat şäherinde Hazarýaka döwletleriň bilermenleriniň Hazar deňzindäki hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça bäştaraplaýyn resminamalaryň taslamalaryny ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen birnäçe duşuşyklary geçirildi. Duşuşyklaryň çäklerinde Hazarýaka döwletleriň hökümetleriniň arasynda Hazar deňzinde deňiz ylmy-barlaglary babatda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşygyň hem-de 2010-njy ýylyň 18-nji noýabrynda baglaşylan Hazar deňzinde howpsuzlyk babatd...
Türkmenistanyň ilçihanasynda Aziýa medeniýetiniň milli merkezi üçin sergi esbaplarynyň resmi gowşurylyş dabarasy geçirildi
2025-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçihanasynyň binasynda Türkmenistanyň medeniýet ministrligi tarapyndan Koreýa Respublikasynyň Aziýa medeniýetiniň milli merkezi üçin iberilen sergi esbaplarynyň resmi gowşurylyş dabarasy bolup geçdi. Dabaraly çärä Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçisi Begenç Durdyýew we Aziýa medeniýetiniň milli merkeziniň ýolbaşçysy Kim San Guk gatnaşdylar. Koreý tarapyna sowgat berilen esbaplaryň arasynda baý we özboluşly tü...
Türkmenistanyň Ilçisi Efiopiýanyň Prezidentine ynanç hatyny gowşurdy
2025-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda Addis-Abeba şäheriniň Prezident köşgünde Türkmenistanyň Efiopiýa Federal Demokratik Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Ankara şäheri) M.Işangulyýewiň Efiopiýanyň Prezidenti Taýe Atske Selassiýe ynanç hatyny gowşuryş dabarasy geçirildi. Dabaranyň çäklerinde Ilçi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýollan mähi...
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde «Türkmenistan – BMG» Strategik maslahat beriş geňeşiniň dördünji mejlisi geçirildi
2025-nji ýylyň 16-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde «Türkmenistan – BMG» Strategik maslahat beriş geňeşiniň dördünji mejlisi geçirildi. Mejlise Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň ýolbaşçysynyň orunbasary, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy, BMG-niň ulgamyna girýän edara...
Türkmenistanyň Prezidenti «Daewoo» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
2025-nji ýylyň 15-nji oktýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd.» koreý kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Jong Won-juny kabul etdi. Işewür duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Türkmenabadyň himiýa zawodynda mineral dökünleri öndürýän toplumyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşmagyň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň Koreýa Respublikasy b...
Türkmen halkynyň Milli Lideri öňdebaryjy koreý kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
2025-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd.» koreý kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Jong Won-ju bilen duşuşdy. Koreý kompaniýasynyň ýolbaşçysy döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Koreýa Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilýändigini belledi. Nygtalyşy ýaly, häzir...