RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
26 Iýun

Türkmenistanyň we Tunis Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi

2024-nji ýylyň 25-nji iýunynda Türkmenistanyň we Tunis Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda wideokonferensiýa görnüşinde syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, tunis tarapyna – Tunis Respublikasynyň Daşary işler, migrasiýa we daşary ýurtlarda ýaşaýan tunislileriň işleri boýunça ministriniň orunbasary Munir ben Rajiba ýolbaşçylyk etdi. Duşuşygyň dowamynda türkmen-tunis gatnaşyklaryny mundan beýläk-de p...

DOWAMY
pic
26 Iýun

BAE-nyň Ykdysadyýet ministri bilen duşuşyk geçirildi

2024-nji ýylyň 25-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BAE-nyň Ykdysadyýet ministri Abdulla bin Tuk Al-Marriniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň çäklerinde ýola goýlan gatnaşyklary has hem çuňlaşdyrmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy, söwda dolanyşygynyň mukdaryny artdyrmak, özara peýdaly ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek we diwersifikasiýalaşdyrmak barada anyk teklipler beýan edildi. Taraplar nebit-gaz we himiýa senagaty, energetika, ulag,...

DOWAMY
pic
26 Iýun

«Türkmenistan – Ýewropa Bileleşigi» Adam hukuklary boýunça dialogynyň 16-njy mejlisi geçirildi

2024-nji ýylyň 25-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda «Türkmenistan - Ýewropa Bileleşigi» Adam hukuklary boýunça dialogynyň 16-njy mejlisi geçirildi. Mejlisi Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow we Ýewropa Bileleşiginiň adam hukuklary boýunça ýörite wekili Olof Skug açdylar. Duşuşygyň dowamynda ynsanperwer hukugy we adam hukuklary çygrynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň we giňeltmegiň geljegi ara alny...

DOWAMY
pic
25 Iýun

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine Dagystan Respublikasynyň Mahaçkala we Derbent şäherlerinde bolup geçen, adam pidalaryna, şikes ýetmelere getiren pajygaly ýaragly hüjüm zerarly gynanç hatyny iberdi. «Türkmenistan terrorçylygyň we ekstremizmiň islendik ýüze çykmalaryny aýgytly ýazgarmak bilen, bu apata garşy göreşmek hem-de ony ýok etmek işinde dünýä bileleşiginiň tagallalaryny doly goldaýar» diýlip, hatda bellenilýär. Döwlet...

DOWAMY
pic
24 Iýun

Ýewropa Bileleşiginiň adam hukuklary boýunça ýörite wekili bilen duşuşyk geçirildi

2024-nji ýylyň 24-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow bilen Ýewropa Bileleşiginiň adam hukuklary boýunça ýörite wekili Olof Skugyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň barşyny gözden geçirdiler, şeýle hem hukugyň hökmürowanlygy we adam hukuklary ýaly ugurlar boýunça köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge ygrarlydyklaryny bellediler. ÝB-niň...

DOWAMY
pic
24 Iýun

Türkmenistanyň wekiliýeti «2024 Next Generation Dialogue» maksatnamasyna gatnaşýar

2024-nji ýylyň 24-nji iýunynda Seulda “Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy” Hyzmatdaşlyk forumynyň Sekretariatynyň guramagynda «2024 Next Generation Dialogue» atly okuw maksatnamasynyň açylyş dabarasy we onuň çäklerinde tebigy resurslar pudagynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça maslahat geçirildi. Maksatnamanyň işine Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri, alymlar we bilermenler hem-de Koreýa Respublikasynda akkreditirlenen Merkez...

DOWAMY
pic
22 Iýun

Türkmenistan bilen Çehiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegi

2024-nji ýylyň 20-nji iýunynda Pragada Türkmenistanyň we Çehiýanyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, çeh tarapyna - Çehiýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Irži Kozak ýolbaşçylyk etdi. Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň dürli ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar we halkara gün tertibiniň häzirki zaman meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Soňra duşuşyga gatnaşyjylar bar b...

DOWAMY