RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
28 Few

Tähran şäherinde Konsullyk, serhet we gümrük meseleleri boýunça hökümetara türkmen-eýran toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

2024-nji ýylyň 27-nji fewralynda Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Konsullyk, serhet we gümrük meseleleri boýunça Hökümetara türkmen-eýran toparynyň 16-njy mejlisi geçirildi. Onuň işine iki ýurduň degişli ministrlikleriň we pudak edaralaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.  Mejlisde Türkmenistanyň wekiliýetine Daşary işler ministriň orunbasary A.Gurbanow, Eýran Yslam Respublikasynyň wekiliýetine bolsa, Daşary işler ministriniň orunbasary Alireza Bikde...

DOWAMY
pic
28 Few

“Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy” žurnalynyň nobatdaky täze sany çapdan çykdy

Žurnalyň täze sany Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň amala aşyran daşary ýurt saparlary we gepleşikleri, şol sanda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmagy, Türkiýe Respublikasyna amala aşyrylan resmi saparyny, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň döwlet baştutanlarynyň sammitine, BMG-nyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatyna we GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygyna...

DOWAMY
pic
26 Few

Owganystanyň Daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk barada

2024-nji ýylyň 26-njy fewralynda Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Owganystanyň Daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi Amir Han Mottakiniň ýolbaşçylygyndaky dürli döwlet düzümleriniň, ýagny Dag-magdan senagaty we nebit ministrliginiň, «Da Afghanistan Breshna Sherkat» energetika kompaniýasynyň, Owganystanyň demirýol müdirliginiň wekillerinden ybarat bolan wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn...

DOWAMY
pic
25 Few

Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň nobatdaky mejlisi boýunça metbugat beýannamasy

2024-nji ýylyň 22-nji fewralynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklygynda Maslahatlar merkezinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi geçirildi. Onuň gün-tertibine «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» durmuşa geçirmek, Halk Maslahatynyň işiniň esasy ugurlary boýunça Türkmenistanyň Mejlisi, ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, jemgyýet...

DOWAMY
pic
22 Few

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Halkara zähmet guramasynyň sebit direktory bilen duşuşygy

2024-nji ýylyň 22-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Halkara zähmet guramasynyň Baş direktorynyň kömekçisi, guramanyň Ýewropa we Merkezi Aziýa üçin sebit direktory Beata Andres bilen duşuşygy geçirildi. Söhbetdeşligiň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Halkara zähmet guramasynyň arasynda hyzmatdaşlygyň has-da işjeň häsiýete eýe bolýandygyny bellediler. Şunda, taraplaryň arasynda saparyň netijeleri, şu ýylyň 21-nji fewralynda geçirilen ýokary derejeli tege...

DOWAMY
pic
22 Few

Türkmenistanyň parlament wekiliýeti Ýaponiýada türkmen talyp ýaşlary bilen duşuşdy

2024-nji ýylyň 22-nji fewralynda Türkmenistanyň Parlamentiniň wekilýetiniň Ýaponiýa iş saparynyň çäklerinde, Tokio şäherinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň Mejlisiniň agzalary Ýaponiýada bilim alýan türkmen ýaşlary bilen duşuşdylar. Duşuşygyň barşynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şygarynyň düýp pikir we ähmiýeti hem-de ýurdumyzda ýaşlara döredilýän mümkinçilikler barada söhbet edildi. Söhbetdeşligiň dowamynda edilen çykyşlarda...

DOWAMY
pic
22 Few

Türkmenistan we Ýaponiýa parlamentara gepleşikleri giňeltmegi maksat edinýär

2024-nji ýylyň 22-nji fewralynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa bilen Ýaponiýanyň Wekiller palatasynyň Başlygy Fukuşiro Nukaganyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň parlamentara gatnaşyklaryny ösdürmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy 2022-nji ýylyň sentýabrynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýapo...

DOWAMY