RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
7 Maý

Türkmenistanyň DIM-de BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň (BMG-Habitat) wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

2025-nji ýylyň 6-njy maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň (BMG-Habitat) halkara bilermenlerinden düzülen baha beriş missiýasynyň agzalarynyň arasynda duşuşyk geçirildi. Häzirki wagtda hereket edýän Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-Habitatyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek gepleşikleriň esasy mowzugy boldy. Duşuşygyň barşynda soňky ýyllard...

DOWAMY
pic
6 Maý

Türkmenistanyň DIM-nde Saud Arabystany Patyşalygynyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

2025-nji ýylyň 6-njy maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Amer bin Ali Al-Şehri bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik we söwda-ykdysady ugurlardaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny hem-de geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Halkara düzümleriň, hususan-da BMG-niň çägindäki özara hyzmatdaşlyk bilen bagly meseleler boýunça pikir...

DOWAMY
pic
6 Maý

BSGG-niň Ýewropa sebiti boýunça edarasynda Türkmenistanyň güni

?Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň yglan edilmeginiň hem-de «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň kabul edilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli ýakynda Daniýa Patyşalygynyň Kopengagen şäherinde Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) Ýewropa sebiti boýunça edarasynda Türkmenistanyň güni geçirildi. Türkmen wekilleriniň, BSGG-niň Ýewropa sebiti boýunça edarasynyň ýolbaşçysy doktor Hans Klýugeniň, BSGG-niň bölüm ýolbaşçylarynyň, şeýle hem sanly ulgam a...

DOWAMY
pic
6 Maý

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Fransiýa Respublikasyna resmi sapary başlandy

2025-nji ýylyň 5-nji maýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow resmi sapar bilen Fransiýa Respublikasyna ugrady. Syýasy-diplomatik ulgamda türkmen-fransuz hyzmatdaşlygy ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşlerde üstünlikli ösdürilýär. Iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler yzygiderli geçirilýär. Birnäçe sagatdan soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly...

DOWAMY
pic
6 Maý

Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň howpsuzlyk ulgamyndaky hyzmatdaşlygynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2025-nji ýylyň 5-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Ilçisi Beata Peksa hem-de “Hedaýa” Zorlukly ekstremizme garşy göreş boýunça öňdebaryjy tejribäniň halkara merkeziniň bilermenleri bilen duşuşygy geçirildi.   Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň howpsuzlyk ulgamyndaky özara gatnaşyklary bilen bagly meseleler boýunça pikir alyşdylar. Di...

DOWAMY
pic
5 Maý

Atçylyk medeniýeti boýunça koreý institutynyň direktory bilen geçirilen duşuşyk barada

2025-nji ýylyň 5-nji maýynda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçisi B.Durdyýewiň Koreýa Respublikasynyň Goýang şäherinde ýerleşýän Atçylyk medeniýeti boýunça koreý institutynyň direktory jenap Ko Sung-kyu bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşykda taraplar hususan-da atçylyk pudagynda türkmen tarapy bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak, atlary ýetişdirmek boýunça özara tejribe alyşmak bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy. Ilçi B.Durdyýew ýurdumyzda atçylyk pudagyny ösdür...

DOWAMY
pic
5 Maý

Aşgabatda Liwiýa Döwletiniň Medeniýet günleri geçirildi

2025-nji ýylyň 1–3-nji maýynda Aşgabatda Liwiýa Döwletiniň Türkmenistandaky Medeniýet günleri geçirildi. Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde bu medeni çäräniň açylyş dabarasynyň çäklerinde sergi guraldy. Onda arap kalligrafiýasynyň gymmatlyklary, Liwiýanyň milli lybaslary, kitaplardyr milli tagamlar görkezildi. Dostlukly ýurduň Medeniýet günleriniň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we onuň garamagyndaky edaralaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, g...

DOWAMY