RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
11 Awg

TÜRKMEN-INDONEZIÝA HYZMATDAŞLYGYNY ÖSDÜRMEGIŇ MÜMKINÇILIKLERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2023-nji ýylyň 11-nji awgustynda wideokonferensiýa şekilinde Türkmenistanyň we Indoneziýanyň Daşary işler ministrlikleriniň degişli düzümleriniň ýolbaşçylarynyň arasynda ikitaraplaýyn geňeşmeler geçirildi. Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň diplomatlary syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlary boýunça türkmen-indoneziýa gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar. Döwletleriň ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem halkara we sebit guramalaryň çäklerinde netijeli...

DOWAMY
pic
8 Awg

NIDERLANDLARYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISI BILEN DUŞUŞYK BARADA

Şu gün, 2023-nji ýylyň 8-nji awgustynda, Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew Türkmenistanda öz işini tamamlaýan Niderlandlaryň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Andre Karstens bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň başynda türkmen tarapy diplomata türkmen-niderlandlar gatnaşyklaryny ösdürmekde goşan şahsy goşandy üçin hoşallygyny bildirdi. Gepleşikleriň dowamynda döwletara hyzmatdaşlygynyň wajyp gün tertibi, şeýle hem ikitaraplaýyn görnüşdäki we halkara düzümler...

DOWAMY
pic
7 Awg

TÜRKMENISTAN-BMG: PARAHATÇYLYGYŇ, HOWPSUZLYGYŇ WE ÄHLUMUMY ÖSÜŞIŇ STRATEGIÝASY

Häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmäge bilelikde we işjeň gatnaşmak, ählumumy parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmak, sebit we ählumumy derejede netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, oňyn halkara dialogyna hemmetaraplaýyn ýardam bermek Türkmenistanyň daşary syýasaty işiniň we diplomatiýasynyň strategik taýdan möhüm ugry bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan hoşniýetli goňşuçylyga, özara hormat goýmaga, deňhukuklylyga we düný...

DOWAMY
pic
7 Awg

ПРИОРИТЕТНЫЕ ПОЗИЦИИ ТУРКМЕНИСТАНА НА 78-Й СЕССИИ ГЕНЕРАЛЬНОЙ АССАМБЛЕИ ООН

Преамбула Нынешнюю 78-ю сессию Генеральной Ассамблеи Организации Объединенных Наций Туркменистан рассматривает как период, требующий от всех государств-членов проявления высочайшей ответственности и дальновидности. Создавшаяся в мире ситуация, характеризующаяся нагнетанием военно-политического противостояния, распространением конфликтогенного потенциала, созданием новых угроз, вызовов и очевидным кризисом доверия подрывает устои глобальной архитектуры межгосударственных отношений и сложившейс...

DOWAMY
pic
5 Awg

TÜRKMENISTAN WE HYTAÝ STRATEGIKI HYZMATDAŞLYGY GIŇELTMEK UGRUNY TASSYKLAÝARLAR

2023-nji ýylyň 5-nji awgustynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa iş sapary bilen Aşgabada gelen Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň hemişelik agzasy, Gansu welaýat komitetiniň wagyz ediş bölüminiň başlygy Çžan Ýunsýa bilen duşuşdy. Duşuşykda taraplar türkmen-hytaý hemmetaraplaýyn strategiki hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar. Şu nukdaýnazardan, M.Bäşimowa häzirki wagtda Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky gatnaşyklaryň özara g...

DOWAMY
pic
4 Awg

TÜRKMENISTANYŇ, TÄJIGISTANYŇ WE ÖZBEGISTANYŇ PREZIDENTLERINIŇ SAMMITINIŇ JEMLERI BOÝUNÇA METBUGAT BEÝANATY

2023-nji ýylyň 4-nji awgustynda, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň gatnaşmagynda üçtaraplaýyn duşuşygynyň jemleri boýunça Türkmenistanyň daşary işler ministrliginde metbugat maslahaty geçirildi. Maslahata Türkmenistanda akkreditlenen diplomatik wekilhanalaryň we daşary ýurt habar beriş serişdeleriniň wekilleri, sammite gatnaşýan üç ýurduň metbugat wekilleri gatn...

DOWAMY
pic
4 Awg

TÜRKMENISTANYŇ, TÄJIGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ WE ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTLERINIŇ ÜÇTARAPLAÝYN SAMMITI

4 awgustda Aşgabadyň “Arkadag” myhmanhanasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň gatnaşmagynda üçtaraplaýyn sammit geçirildi. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Sammiti açmak bilen, Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Baştutanlarynyň üçtaraplaýyn görnüşdäki ilkinji duşuşygynyň biziň hyzmatdaşlygymyzyň mazmunyna laýyk gelýän we onuň yzygider...

DOWAMY