SOŇKY HABARLAR
TÜRKMEN WEKILIÝETI KATARDA OWGANYSTAN BOỲUNÇA YÖRITE WEKILLERIÑ DUŞUŞYGYNA GATNAŞDY
2023-nji ýylyñ 1-2-nji maýynda Katar Döwletiniñ Doha şäherinde BMG-niñ Baş Sekretarynyñ howandarlygynda Owganystan boỳunça yörite wekilleriñ duşuşygy geçirildi. Duşuşyga BMG-niñ Baş sekretary Antonio Guterriş hem gatnaşdy. Türkmen tarapyndan agzalan duşuşyga Türkmenistanyň daşary işler ministriniñ orunbasary W.Hajiyew gatnaşdy. Duşuşykda Owganystanyň häzirki syỳasy-harby, ykdysady we ynsanperwer ỳagdaỳlary barada pikir alyşyldy. Türkmen wekiliỳetiniñ ỳolbaşçysy türkmen halkynyñ milli Lide...
AŞGABATDA HALKARA ULAG MASLAHATY ÖZ IŞINE BAŞLADY
Şu gün, 2023-nji ýylyň 3-nji maýynda, Aşgabatda "Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş-2023" atly halkara maslahaty we sergisi öz işine başlady. Maslahata Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň resmi wekiliýetleriniň ýolbaşçylary, halkara we sebit guramalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, ulag pudagyndaky ylmy birleşmeleriniň, bilermenler we işewürler toparlarynyň wekilleri gatnaşýar. Türkmenistanyň Prezident...
BMG-NIŇ ÝEWROPA YKDYSADY KOMISSIÝASYNYŇ ÝERINE ÝETIRIJI SEKRETARYNYŇ ORUNBASARY BILEN GEPLEŞIKLER GEÇIRILDI
Şu gün, 2023-nji ýylyň 2-nji maýynda, Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowanyň şu ýylyň 3-4-nji maýynda geçiriljek “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş-2023” atly halkara maslahatyna we sergisine gatnaşmak üçin Aşgabada gelen BMG-niň Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretarynyň orunbasary Dmitriý Marýasin bilen duşuşygy geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen BMG-niň Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň arasyn...
TÜRKMENISTANYŇ ULAG DIPLOMATIÝASY UGRUNDA HYZMATDAŞLYGYNYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2023-nji ýylyň 1-nji maýynda Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýewiň, şu ýylyň 3-4-nji maýynda geçiriljek “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş-2023” atly halkara maslahatyna we sergisine gatnaşmak üçin Aşgabada gelen BMG-niň Ulag diplomatiýasyň halkara merkeziniň Ýerine ýetiriji sekretary Igor Runow bilen duşuşygy geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm meselele...
KOREÝA RESPUBLIKASYNDA MERKEZI AZIÝANYŇ KINOFESTIWALY GEÇIRILDI
2023-nji ýylyň 28–29-njy aprelinde Koreýa Respublikasynyň we Merkezi Aziýa döwletleriniň bilelikdäki kinofestiwaly geçirildi. Ilkinji gezek şu görnüşde geçirilen kino görkeziş dabarasynda Türkmenistanyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, şeýle hem Azerbaýjan Respublikasynyň, Mongoliýanyň we Indoneziýa Respublikasynyň surata düşüren dürli kinofilmleri görkezildi. Bu çärede türkmen tarapy kinorežissýor S.Baýramowyň sur...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI “MERKEZI AZIÝA-HYTAÝ” MINISTRLER DUŞUŞYGYNA GATNAŞDY
2023-nji ýylyň 27-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew Sian şäherinde “Merkezi Aziýa-Hytaý” formatynyň Daşary işler ministrleriniň dördünji duşuşygynyň işine gatnaşdy. Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň we HHR-iň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagyndaky duşuşygyň çäklerinde Merkezi Aziýa döwletleriniň we Hytaýyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, geljekki h...
Türkmenhowaýollary Aşgabat–Inçhon–Aşgabat ugry boýunça göni howa gatnawy açdy
Şu gün, 26-njy aprelde Aşgabat–Inçhon–Aşgabat ugry boýunça üstünlikli amala aşyran «A330-200» kysymly ýük howa uçary türkmen paýtagtynyň Aşgabat Halkara howa menziline gelip gondy. Türkmenistan Koreýa Respublikasy bilen köpugurly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek, şeýle-de Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary bilen netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak babatda ileri tutýan ugurlarynyň biri hasaplaýar. Munuň aýdyň mysaly hökmünde, täze halkara ýük howa gatnawynyň açylmagy ikitaraplaýyn...