SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde türkmen-ýapon hyzmatdaşlygy bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy
2025-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Hirosi Sasakiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda taraplar türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça ösüşiniň ýokary depginini bellediler. Taraplar halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda BMG-niň çäklerinde hyzmatdaşlygy berkitmegiň mümkinçilikleri ara aly...
Katar Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi diplomatik işini tamamlaýar
2025-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen ýurdumyzda özüniň diplomatik işini tamamlaýan Katar Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Hamad bin Raşid bin Hamad Al-Azbi bilen duşuşygy geçirildi. Katar Döwletiniň Ilçisi Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna diplomatik wezipesini durmuşa geçirmekde beren hemmetaraplaýyn goldawy hem-de degişli ýardamlary üçin türkmen tarapyna özüniň minnetdarlygyny bildirdi. Gepleşikleriň dow...
Fizuli şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna metjit gurular
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasyna amala aşyran saparynyň dowamynda Türkmenistan tarapyndan Azerbaýjana sowgat hökmünde Fizuli şäherinde guruljak metjidiň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi. 2025-nji ýylyň 8-nji oktýabryynda Gabala şäherinde Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň XII sammiti tamamlanandan soňra, wekiliýet Baştutanlary sanly ulgam arkaly Türkmenistan tarapyndan Azerbaýjana sow...
Türkmen halkynyň Milli Lideri,Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjan Respublikasyna iş sapary
2025-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň XII sammitine gatnaşmak maksady bilen, Azerbaýjan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Gabala şäheriniň Halkara howa menzilinde Gahryman Arkadagymyzy dostlukly ýurduň resmi adamlary, şeýle hem Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar. Türki Döwletleriň Guramasynyň sammiti Geýdar Aliýew a...
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
2025-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Döwlet Baştutanymyz Prezident Wladimir Putini doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlap, oňa berk jan saglyk, abadançylyk we alyp barýan döwlet işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdi. Şeýle hem Prezident Serdar Berdimuhamedow türkmen-rus gatnaşyklaryny ösdürmäge berýän uly ünsi üçin Russiýa Feder...
Türkmenistanyň Prezidenti Horwatiýa Respublikasynyň daşary we Ýewropa işleri ministrini kabul etdi
2025-nji 7-nji ýylyň Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Horwatiýa Respublikasynyň daşary we Ýewropa işleri ministri Gordan Grliç-Radmany kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin Prezident Serdar Berdimuhamedowa hoşallyk bildirip, Horwatiýanyň Türkmenistan bilen dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berýändigini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, Horwatiýa Respublikasynyň Prezidenti Zoran Milanowiçiň we Premýer-ministri Andreý Plenkowiçiň Türkmenistanyň Prezidentine hem-de...
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Horwatiýa Respublikasynyň daşary we Ýewropa işler ministri bilen duşuşygy
2025-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowanyň Horwatiýa Respublikasynyň daşary we Ýewropa işler ministri jenap Gordan Grliç-Radman bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Horwatiýa Respublikasynyň daşary syýasat edarasynyň başlygyny ýurdumyzyň alyp barýan içeri hem-de parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary we milli Parlamentiň düzümi, alyp barýan işleri bilen tanyşdyrdy. Türkme...