SOŇKY HABARLAR
Harby-Deňiz Güýçleri eziz Watanymyzyň mukaddes serhetleriniň goragynda
Şu gün Balkan welaýatynda zähmet rugsadynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow günbatar sebitimizde ýerleşýän Harby-Deňiz Güýçleriniň “Garşy” deňiz birikmesine geldi hem-de bu ýerde “Deňiz han” atly korwet kysymly harby gämi bilen tanyşdy. Watanymyzyň howpsuzlygynyň kepillendirilmegi, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň goranyş häsiýetli Harby doktrinasyna laýyklykda, deňiz serhedimiziň ygtybarlylygyny hem-de eldegrilmesiz...
TÜRKMENISTANDA DEŇZE ÇYKALGASY BOLMADYK ÖSÜP BARÝAN ÝURTLARYŇ ULAG BOÝUNÇA MASLAHATY GEÇIRILER
2022-nji ýylyň 15-16-njy awgustynda Türkmenbaşy şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ulag boýunça maslahaty geçiriler. 30-dan gowrak döwletleriň wekiliýetleri, şeýle hem 30-dan gowrak halkara we ýöriteleşdirilen guramalaryň, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Bütindünýä Gümrük Guramasynyň, Halkara Awtoula...
Türkmenistanyň Prezidenti Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän täze awtomobil köprüsiniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy
Şu gün Hazaryň kenarynda zähmet rugsadynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ulag düzüminiň ýene bir möhüm desgasynyň — Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystanyň serhedine çenli barýan awtomobil ýolunyň ugrunda Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän täze awtomobil köprüsiniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň gadymyýetden bäri yklymara geçelgeleriň çatrygynda çäk taýdan amatly ýerde ýerleşýändigini hem-de ägirt...
Aşgabatda halkara sergi we ylmy maslahat öz işine başlady
Şu gün paýtagtymyzda “Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty, energetikasy--2022” atly halkara sergisi we “Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi” atly ylmy maslahaty öz işine başlady. Bu ähmiýetli çäreler ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, şeýle hem Söwda-senagat edarasy bilen bilelikde guraldy. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça geçirilýän ýöriteleşdirilen bu forum ýurdumyzyň Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň 6-njy a...
KHBS ÜÇIN HABAR
Şu gün, 2022-nji ýylyň 5-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Sýan Naýçen bilen duşuşdy. Diplomatlar däp bolan dostlukly türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegi bilen baglanyşykly birnäçe meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Häzirki wagtda bilelikdäki ykdysady we durmuş-medeni taslamalary durmuşa geçirmegiň ýokary neti...
TÜRKMENISTANYŇ ILÇISI LIWAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINE YNANÇ HATLARYNY GOWŞURDY
2022-nji ýylyň 2-nji awgustynda Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi M.Aýazow Liwan Respublikasynyň Prezidenti Mişel Auna şol bir wagtyň özünde Türkmenistanyň Liwan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hökmünde (oturýan ýeri Ýerewan şäheri) özüniň ynanç hatlaryny dabaraly ýagdaýda gowşurdy. Dabaranyň dowamynda bolup geçen gürrüňdeşlikde Ilçi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Liwan Respublikasynyň Prezidenti Mi...
AÝLAGDAKY ARAP DÖWLETLERINIŇ HYZMATDAŞLYK GEŇEŞINIŇ BAŞ SEKRETARY BILEN DUŞUŞYK
2022-nji ýylyň 1-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýangyç-energetika toplumyna, şeýle hem söwda toplumyna gözegçilik edýän orunbasarlary, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň baş direktory bilen Aýlagdaky Arap Döwletleriniň Hyzmatdaşlyk Geňeşiniň Baş sekretary Naýef Falah Mubarak Al-Hajrafyň duşuşygy boldy. Duşuşygyň dowamynd...