RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
22 Few

Türkmenistanyň we Koreýanyň gümrük gulluklarynyň arasynda duşuşyk gurnaldy

2022-nji ýylyň 22-nji fewralynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň hem-de Koreýa Respublikasynyň Gümrük gullugynyň wekilleriniň arasynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly onlaýn duşuşygy geçirildi. Duşuşyga türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Gümrük düzgünlerini awtomatlaşdyryş bölüminiň başlygy A.Rahmanow, koreý tarapyna bolsa halkara gatnaşyklary departamentiň direktorynyň orunbasary Kim Sogwon ýolbaşçylyk etdiler. Işjeň ýagdaýda geçirilen söhbetdeşligiň barşynda...

DOWAMY
pic
21 Few

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE HHR-NIŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

Şu gün, 21-nji fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Sýan Naýçen bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda DIM-niň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine ýazan hatyny gowşurdy. Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygynyň adyna ýollan hatynda Türkmen döwletiniň Baştutany Türkmenistanyň wekiliýetiniň golaýda Pekine...

DOWAMY
pic
19 Few

DIM-IŇ HALKARA GATNAŞYKLARY INSTITUTYNDA TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ TÄZE KITABYNYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 19-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Abadançylygyň röwşen gadamlary» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Dabara ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, professor-mugallymlary we talyplary, Türkmenistandaky diplomatik edaralaryň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, ýurdumyzyň gazet-žurnallaryn...

DOWAMY
pic
18 Few

TÜRKMENISTANYŇ AWSTRIÝA RESPUBLIKASY BILEN DIPLOMATIK GATNAŞYKLARYNY ÝOLA GOÝULMAGYNYŇ 30 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN «DIALOG –PARAHATÇYLYGYŇ KEPILI» TEMASY BOÝUNÇA TEGELEK STOL

2022-nji ýylyň 18-nji fewralynda Türkmenistanyň Awstriýa Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan Wena şäheriniň Diplomatik akademiýasynda «Dialog –parahatçylygyň kepili» temasy boýunça tegelek stol geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe süren «Dialog –parahatçylygyň kepili» başlangyjynyň çäklerinde we Türkmenistanyň Awstriýa Respublikasy bilen diplomatik gatnaşyklaryny ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçirildi. Çärä Awstriýanyň DIM-niň ýolbaş...

DOWAMY
pic
18 Few

TÜRKMENISTANYŇ DIPLOMATIK IŞGÄRLERINIŇ GÜNI MYNASYBETLI YLMY MASLAHAT GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 18-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli «Dialog – parahatçylygyň kepili» atly ylmy maslahat geçirildi. Maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli sergi hem ýaýbaňlandyryldy. Maslahatyň işine Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň ýolbaşçylary we işgärleri, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalarynyň wekilh...

DOWAMY
pic
17 Few

TÜRKMENISTANYŇ DIPLOMATIK IŞGÄRLERINIŇ GÜNÜNE BAGYŞLANAN SPORT ÝARYŞLARY GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 16-17-nji fewralynda Türkmenistanyň Diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň hem-de Aşgabatda ýerleşýän daşary ýurtlaryň diplomatik missiýalarynyň we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň toparlarynyň gatnaşmagynda sport ýaryşlary geçirildi. Ýaryşlar sportuň tennis, kiçi tennis, bilýard we woleýbol görnüşleri boýunça dört ugurda geçirildi. Bilýard boýunça «Rus piramidasy» oýnunda ABŞ-nyň Ilçihanasy birinji oruna mynasyp boldy. Billia...

DOWAMY
pic
17 Few

МИНИСТР ИНОСТРАННЫХ ДЕЛ ТУРКМЕНИСТАНА ПРОВЕЛ ВСТРЕЧУ С ПРЕДСТАВИТЕЛЕМ ЦЕНТРА ОБСЕ В АШХАБАДЕ

Сегодня, 17 февраля Министр иностранных дел Туркменистана Р.Мередов встретился с Временным поверенным в делах  Центра ОБСЕ в Ашхабаде Р.Кастбергом. В ходе встречи рассмотрены нынешнее состояние и перспективы партнерства Туркменистана с ОБСЕ. Основной темой обсуждений стали вопросы подготовки к предстоящим 12 марта текущего года выборам Президента Туркменистана. В этом контексте стороны рассмотрели формы сотрудничества туркменской стороны с ОБСЕ, имея в виду опыт работы этой Организации...

DOWAMY