RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
26 Maý

BÜTINDÜNÝÄ SAGLYGY GORAÝYŞ GURAMASYNYŇ BILERMENLERI BILEN WIDEO-MASLAHAT

2020-nji ýylyň 26-njy maýynda BMG-niň Aşgabatdaky wekilhanasynyň binasynda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebitleýin edarasynyň bilermenleri bilen dünýäde aýratyn howply ýokanç keseliň ýaýramagyny gözegçilikde saklamak boýunça BSGG-niň teklipleriniň sanly wideo aragatnaşyk arkaly tanyşdyryş iş maslahaty geçirildi. Onlaýn-duşuşyga türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda Bütindünýä saglygy...

DOWAMY
pic
25 Maý

TÜRKMENISTANYŇ WE TÜRKIÝÄNIŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

Şu gün, 2020-nji ýylyň 25-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly bilen duşuşygy geçirildi. Gepleşikler wideokonferensiýa görnüşinde geçdi. Döwlet Baştutanlary Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda şu ýylyň 24-nji maýynda geçirilen telefon arkaly gepleşikleriň barşynda, iki ýurduň daşary syýasat edaralaryna ulag-üstaşyr we söwda-ykdysady ulgamlary boýunça gatnaşyklaryny ýygjamlaşdyr...

DOWAMY
pic
25 Maý

TÜRKMENISTANYŇ WE TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTLERINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK

2020-nji ýylyň 24-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy. Iki ýurduň Liderleri mähirli salamlaşyp, mukaddes Oraza baýramy mynasybetli birek-biregi gutlap, türkmen hem-de türk halklaryna abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdiler. Döwlet Baştutanlary Gurbanguly Berdimuhamedow we Rejep Taýyp Ärdogan Türkmenistanyň hem-de Türkiýäniň söwda-ykdysady we ynsanperwer ulgamlarda iki...

DOWAMY
pic
25 Maý

Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan «Seoul City»Žurnalynyň ýörite sany

Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçihanasy «Seoul City»Žurnalynyň redaksiýasy bilen bilelikde Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna we Türkmen-Koreý gatnaşyklaryna bagyşlanan «Seoul City»Žurnalynyň ýörite sanyny taýýarlady we neşir etdi. Bu Žurnalyň baş sahypasynda, Türkmenistan Prezidentiniň Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana amala aşyran döwlet sapary wagtynda Koreýa Respublikasynyň Prezidenti bilen bilelikde düşen suraty ýerleşdirildi.

DOWAMY
pic
25 Maý

“Koreýanyň sanly hökümeti gurmak boýunça strategiýasy we tejribesi” atly onlaýn okuwy

2020-nji ýylyň 22-nji maýynda Koreýanyň INHA uniwersitetiniň professory Syngwan Mýong tarapyndan Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň we Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary üçin “Koreýanyň sanly hökümeti gurmak boýunça strategiýasy we tejribesi” atly onlaýn okuw geçirdi. Okuwyň çäginde Koreýa Respublikasynyň sanly hökümetini ösdürmegiň taryhyna, esasy institusional özgerişiklerine, sanly hökümetiniň onlaýn platformalaryna, döw...

DOWAMY
pic
22 Maý

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ BSG-NYŇ BAŞ DIREKTORYNYŇ ADYNA IBEREN HATY BMG BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ 74-NJI MEJLISINIŇ RESMINAMASY HÖKMÜNDE BEÝAN EDILDI

Türkmenistanyň Prezidentiniň Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Baş Direktory Tedros Adhanom Gebreýesusyň adyna ýollan haty BMG-niň Baş Assambleýasynyň 74-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde beýan edildi hem-de aýratyn maglumat hökmünde Guramanyň resmi dillerine terjime edilip ýaýradyldy. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň häzirki ýagdaýlardaky hereketleri Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň COVID-19 koronawirusynyň tutuş dünýäde ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen işlenip düzülen t...

DOWAMY
pic
22 Maý

DIM-IŇ BINASYNDA TÜRKMENISTANYŇ SAGLYGY GORAÝYŞ ULGAMYNDAKY HALKARA BAŞLANGYÇLARYNYŇ AMALA AŞYRYLMAGYNA BAGYŞLANAN BRIFING GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 22-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamyndaky halkara başlangyçlarynyň amala aşyrylmagyna bagyşlanan brifing geçirildi. Saglygy goraýyş ulgamynyň derwaýys meseleleri boýunça işjeň pikir alyşmalaryň ýerine öwrülen brifinge Türkmenistanyň Daşary işler, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleriniň we beýleki ugurdaş pudak edaralarynyň, ýurdumyzda işleýän diplomatik missiýalarynyň we halkara guramalarynyň weki...

DOWAMY