SOŇKY HABARLAR
EÝRANYŇ TÜRKMENISTANDAKY TÄZE BELLENEN ILÇISI BILEN DUŞUŞYK
2020-nji ýylyň 9-njy ýanwarynda Daşary işler ministri R.Meredowyň Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Golam Abbas Arbab Hales bilen duşuşygy geçirildi. Öz ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşuryp, Ilçi Golam Abbas Arbab Hales ýokary diplomatik wezipesine bellenilmegi bilen türkmen tarapynyň gutlagyna minnetdarlyk bildirdi we Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljekde has hem berkidilmegine ynam bildird...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE YSRAÝYLYŇ ILÇISI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
Şu gün, 2020-nji ýylyň 9-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri özüniň ýurdumyzdaky diplomatik işini tamamlaýan Ysraýyl Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Moşe Kamhini kabul etdi. Ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Hökümetiniň adyndan Ysraýylyň Ilçisine bu wezipede zähmet çeken döwründe alyp baran önjeýli işi hem-de türkmen-ysraýyl hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagyna goşan ähmiýetli goşandy üçin minnetdarlyk sözlerini...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI UKRAINANYŇ PREZIDENTINE GYNANÇ HATYNY ÝOLLADY
2020-nji ýylyň 8-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiýe Tähran şäheriniň golaýynda «МАУ» awiakompaniýasynyň ýolagçy uçarynyň köp sanly adam pidalaryna getiren heläkçilige uçramagy zerarly gynanç hatyny ýollady.
TÜRKMEN WEKILIÝETI «HEIMTEXTIL 2020» SERGISINE GATNAŞÝAR
2020-nji ýylyň 7-nji ýanwarynda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Maýn boýundaky Frankfurt şäherinde «Heimtextil 2020» atly dokma önümleriniň halkara sergisini öz işine başlady. Sergä Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň, Söwda-senagat edarasynyň wekillerinden we ýurdumyzyň telekeçilerinden ybarat bolan wekilçilikli topary gatnaşýarlar. Bu halkara sergisi her ýylyň ýanwar aýynda Maýn boýundaky Frankfurt şäherinde ýerleşýän «Messe Frankfurt» sergiler merkezinde geçirilýär. Bu ýyl...
TÜRKMENISTANYŇ AHHG BAŞLYKLYK ETMEGINE WE BIRINJI HAZAR YKDYSADY FORUMYNA BAGYŞLANAN BRIFING
2019-njy ýylyň 28-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistan döwletimiziň 2017-2019-njy ýyllary aralygynda Araly halas etmegiň Halkara gaznasyna başlyklyk etmegine, şeýle hem şu ýylyň 11-12-nji awgustynda “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Birinji Hazar ykdysady forumynyň jemlerine bagyşlanan brifing geçirildi. Brifinge Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, AHHG-niň Ýerine ýetiriji komitetiniň, Hazar deňzi institutynyň wekilleri, daşary ýurtlarda...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GDA GATNAŞYJY DÖWLETLERIŇ BAŞTUTANLARYNYŇ RESMI DÄL DUŞUŞYGYNA GATNAŞDY
2019-njy ýylyň 20-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow GDA gatnaşyjy döwletleriň Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen Russiýa Federasiýasyna ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde milli Liderimizi resmi adamlar ugratdylar. Birnäçe sagatdan soň, hormatly Prezidentimiziň uçary Sankt-Peterburg şäheriniň «Pulkowo» halkara howa menzilinde gondy. Şol ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy resmi adamlar hem-de türkmen weki...
GAZAGYSTANDA BMG-NIŇ ARAL DEŇZINIŇ BASSEÝNI ÜÇIN ÝÖRITE MAKSATNAMASYNYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 18-19-njy dekabrynda Almaty şäherinde “Suw serişdelerini durnukly dolandyrmak ulgamynda innowasion ýollar we çözgütler hem-de olary Merkezi Aziýanyň şertlerinde ulanmak mümkinçiligi” atly sebitleýin maslahat geçirildi. Maslahatda suw serişdelerini dolandyrmak ulgamynyň 150-den gowrak bilermenleri ýygnandylar we onuň işine Merkezi Aziýanyň bäş döwletiniň wekilleri, döwlet edaralarynyň, suw serişdelerini dolandyrmak ulgamynyň ygtyýarly wekilleri, alymlar, bilermenler, halkara mal...