SOŇKY HABARLAR
BRÝUSSELDE TÜRKMENISTAN – ÝB PARLAMENTARA MEJLISI GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 2-nji dekabrynda Brýusselde 5-nji Türkmenistan – ÝB Parlamentara mejlisi geçirildi, oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilçilikli wekiliýeti gatnaşdy. Parlamentara mejlisiniň iş sessiýasyna Ýewropa Parlamentiniň wekiliýetiniň ýolbaşçysy F.Martuşiýello hem-de türkmen wekiliýetiniň agzalary gatnaşdylar. Taraplar ileri tutulýan taslamalaryň hem-de strategiýalaryň çäklerinde taraplaryň köpugurly hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we ösüş mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Iş...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE AHHG-NYŇ WE BÜTINDÜNÝÄ BANKYNYŇ ARASYNDA YLALAŞYGA GOL ÇEKMEK DABARASY GEÇIRILDI
Şu gün, 2019-njy ýylyň 3-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Bütindünýä bankynyň Merkezi Aziýa boýunça Sebit direktory hanym Liliýa Burunçuk bilen duşuşyk geçirildi. Işjeň ýagdaýda geçirilen söhbetdeşligiň barşynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň dürli ulgamlaryndaky umumy maksatlaryň amala aşyrylmagyndaky işjeň tagallalary babatynda minnetdarlyklaryny beýan etmek bilen, köpugurly özarahereketleriň derwaýys meselelerini ara alyp masla...
EKSPO-2020 HALKARA SERGISINE GATNAŞYJYLARYŇ DÖRDÜNJI DUŞUŞYGY
2019-njy ýylyň 29-30-njy noýabrynda BAE-niň Dubaý şäherinde Afrika, Ýakyn Gündogar we Günorta Aziýa sebitlerinde ilkinji gezek geçiriljek EKSPO-2020 halkara sergisine gatnaşyjylaryň dördünji duşuşygy geçirildi. Türkmenistandan bu çärä Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy. Çäräniň çäklerinde türkmen wekiliýeti EKSPO-2020 Ýerine ýetiriji direktory Najib Mohammed Al-Ali bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň barşynda Türkmenistany...
MOSKWADA DAŞARY IŞLER MINISTRLIKLERINIŇ ARASYNDA RUS-TÜRKMEN GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 28-29-njy noýabrynda Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň edara binasynda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda GDA-nyň, halkara guramalaryň çäklerindäki ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk, şol sanda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 74-nji we 75-nji sessiýalarynyň gün tertibine degişli meseleler boýunça, şeýle-de daşary syýasaty meýilleşdirmek meseleleri boýunça geňeşmeler geçirildi. Geňeşmeleriň barşynda Türkmenistan bilen Russiý...
DAŞKENTDÄKI DUŞUŞYKDA MERKEZI AZIÝA INTEGRASIÝASYNYŇ UGURLARY KESGITLENILÝÄR
2019-njy ýylyň 29-njy noýabrynda günüň birinji ýarymynda Türkmenistanyň Prezidenti sammitiň resmi çäreleriniň geçirilýän ýeri bolan “Kuksaroý” köşgüne ugrady. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygyna gatnaşmak üçin Daşkent şäherine şeýle-de Gazagystan Respublikasynyň ilkinji Prezidenti Nursultan Nazarbaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sooronbaý Žeenbekow we Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon hem geldiler. Däp bolan surata düşmek dabarasyn...
AŞGABATDA “STAMBUL PROSESSIŇ” ÇÄKLERINDE TEHNIKI TOPARLARYŇ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 29-njy noýabrynda Aşgabat şäheriniň “Ýyldyz” myhmanhanasynda Owganystana ýardam bermek boýunça Stambul prosessiň çäklerinde “Sebit infrastrukturalary” atly ynamy berkitmek çärelerine gatnaşýan ýurtlaryň sebitara tehniki toparlarynyň wekilleriniň duşuşygy geçirildi. Bu mejlise Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň ýolbaşçylary we wekilleri, “Stambul prosessine” gatnaşyjy döwletleriň, şeýle-de bu başlangyjy goldaýan halkara guramalaryň ygtyýa...
TÜRKMENISTANYŇ KÄRDEŞLER ARKALAŞYKLARYNYŇ WEKILIÝETI TAÝLAND PATYŞALYGYNA IŞ SAPARY
Birleşen Milletler Guramasynyň Aziýa we Ýuwaş Ummany sebitleri boýunça Ykdysady we durmuş komissiýasynyň (UNESCAP) çagyrmasy boýunça 2019-njy ýylyň noýabr aýynyň 27-den noýabr aýynyň 30-y aralygynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň başlygy G. Ataýewanyň baştutanlygyndaky wekiliýeti Taýland Patyşalygynyň Bangkok şäherinde iş saparynda boldy. 27-nji noýabrda Pekin Jarnamasynyň we Hereketler Meýilnamasynyň...