SOŇKY HABARLAR
LATWIÝANYŇ ARAGATNAŞYKLAR MINISTRINIŇ ORUNBASARY BILEN DUŞUŞYK
2018-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Latwiýa Respublikasynyň Aragatnaşyklar ministriniň orunbasary, Döwlet sekretarynyň orunbasary Uldis Reýmanis bilen duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň çäklerinde syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky gatnaşyklarynyň oňyn ösüşini bellemek bilen, taraplar olary geljekde giňeltmekde gyzyklanmalaryny beýan etdiler. Ulag hyzmatdaşlygy boýunça türkmen-latwiýa bilekidäki...
INTELLEKTUAL EÝEÇILIK ULGAMYNDA HYZMATDAŞLYK NUKDAÝNAZARLARYNA BAGYŞLANAN HALKARA SEMINAR
2018-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda “Arçabil” myhmanhanasynda “Uniwersitetlerde we ylmy-barlag institutlarynda intellektual eýeçilik syýasaty” atly halkara okuw maslahaty öz işine başlady. Maslahat Bütindünýä intellektual eýeçilik guramasy (BIEG) tarapyndan Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Döwlet intellektual eýeçilik gullugy bilen hyzmatdaşlykda guraldy. Seminaryň işine Ylymlar akademiýasynyň, Tehnologiýalar merkeziniň, Himiýa ylmy-barlag institutynyň, ýurdumyzyň ýokary okuw...
TÜRKMENISTANYŇ PAKISTANDAKY ILÇIHANASY TOPH GAZ GEÇIRIJISINIŇ SEBITDÄKI STRATEGIKI ÄHMIÝETI BARADA OKUW MASLAHATYNY GEÇIRDI
2018-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda Yslamabatda ýerleşýän “Islamabad Club” köpmaksatly dabaralar jaýynda Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky Ilçihanasy Pakistanyň “Measae” syýasy meseleleri öwreniş merkezi bilen bilelikde “Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň sebitdäki strategiki ähmiýeti” atly okuw maslahatyny geçirdi. Bu çärä hormatly myhman hökmünde Pakistanyň Parlament işleri boýunça Döwlet ministri Muhammad Ali Han, “Measae” syýasy meseleleri öwren...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE ÝAŞ DIPLOMATLAR ÜÇIN OKUW MASLAHATY GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ýaş diplomatlar üçin okuw maslahaty geçirildi. Giriş sözi bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň prorektory Jumamyrat Gurbangeldiýew, şeýle hem Awstriýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Gerhard Saýller çykyş etdiler. Maslahatyň esasy lektory Awstriýa Respublikasynyň Wena Diplomatiýa akademiýasynyň professory Markus Kornprobst boldy. Professor d...
MINSKDE TÜRKMEN-BELARUS SYÝASY GEŇEŞMELER GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň oktýabr aýynyň 9-na Belarus Respublikasynyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen wekiliýetine Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew, Belarus Respublikasynyň wekiliýetine Daşary işler ministriniň orunbasary Ýe.Şestakow ýolbaşçylyk etdiler. Geňeşmeleriň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Belarus Respublikasynyň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň öňdebaryjy ugurlaryny gurşap alýan mes...
RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ HÖKÜMETINIŇ BAŞLYGYNYŇ ORUNBASARY – HÖKÜMETIŇ DIWANYNYŇ ÝOLBAŞÇYSY BILEN DUŞUŞYK
2018-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda Aşgabatda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Ö.Meredow bilen Türkmenistana iş sapary bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň başlygynyň orunbasary – Hökümetiň Diwanynyň ýolbaşçysy K.A.Çuýçenkonyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda K.A.Çuýçenko türkmen tarapyna myhmansöýerlik bilen garşylanandygy üçin öz minnetdarlygyny we amala aşyrylýan türkmen-rus hyzmatdaşlygy üçin hoşallygyny bildirdi. Duşuşygyň çäg...
PREZIDENTLER GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW BILEN WLADIMIR PUTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň barşynda Gurbanguly Berdimuhamedow pursatdan peýdalanyp, Wladimir Putini 7-nji oktýabrda bellän doglan güni bilen gutlady we oňa berk jan saglyk hem-de jogapkärli işlerinde üstünlikler arzuw etdi. Söhbetdeşligiň dowamynda Prezidentler türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlaryny ara aly...