RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
14 Apr

«LAZURIT» HALKARA ULAG GEÇELGESINI DÖRETMEK BARADAKY YLALAŞYGY ÝERINE ÝETIRMEK BOÝUNÇA HÜNÄRMENLERIŇ DUŞUŞYGY

2018-nji ýylyň 13-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde 2017-nji ýylyň 15-nji noýabrynda  Aşgabatda geçirilen Owganystan boýunça 7-nji sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk Maslahatynyň (RECCA VII) dowamynda gol çekilen «Lazurit» halkara ulag geçelgesini döretmek baradaky Ylalaşygynyň durmuşa geçirilmegi boýunça hünärmenleriň birinji mejlisi geçirildi. Mejlisiň işine Türkmenistanyň, Owganystan Yslam Respublikasynyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Gruziýanyň, Türkiýe Respublikasynyň...

DOWAMY
pic
13 Apr

GERMANIÝA YKDYSADYÝETINIŇ GÜNDOGAR KOMITETINIŇ DOLANDYRYJY MÜDIRI BILEN DUŞUŞYK

2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň türkmen paýtagtyna iş sapary bilen gelen Germaniýa ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň                 dolandyryjy müdiri Mihael Harms bilen duşuşygy boldy. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň arasynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşiniň meselelerini, şeýle hem türkmen-german söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň ugurlaryny, kuwwatyny we mümkinçiliklerin...

DOWAMY
pic
13 Apr

AŞGABATDA ULAG, LOGISTIKA WE INFRASTRUKTURA ULGAMYNDA HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA TÜRKMEN-KOREÝ MASLAHATY GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde Aşgabatda “Durnukly ösüş üçin ulag, logistika we infrastruktura ulgamynda hyzmatdaşlyk” atly maslahat geçirildi. Ol Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligi hem-de Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasy tarapyndan guraldy. Duşuşyga ýurdumyzyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň, Demir ýol ulaglary ministrliginiň, Aragatnaşyk ministrliginiň, Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Döwlet gümrük gullugynyň, “Tür...

DOWAMY
pic
11 Apr

TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASYNYŇ IŞGÄRLERI PEKINDÄKI GÖRELDELI MEKDEBE BARDYLAR

2018-nji ýylyň 9-njy aprelinde Türkmenistanyň HHR-ndaky Ilçisi Ç.Rustamowa we diplomatik wekilhananyň işgärleri çagalary bilen bilelikde, şeýle hem hytaý paýtagtynyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary Pekindäki «Şiszýa» atly göreldeli mekdebe baryp gördüler. Bu okuw edarasyna bolan sapar bilim ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek çygrynda gurnaldy. Hytaý mekdep okuwçylary türkmen myhmanlary üçin mekdep boýunça tanyşdyryş saparyny gurnadylar, synp otaglaryny görk...

DOWAMY
pic
11 Apr

MIGRASIÝA BOÝUNÇA HALKARA GURAMASYNYŇ WEKILHANASY TÜRKMEN ŽURNALISTLERI ÜÇIN MASLAHAT GURNADY

2018-nji ýylyň 10-njy aprelinde Aşgabatda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärlerini durnuksyz migrasiýanyň hem-de adam söwdasynyň öňüni almak boýunça meselelerde tagallalary birleşdirmegiň halkara tejribesi bilen tanyşdyrmaga gönükidirilen iki günlük maslahat işe başlady. Maslahat Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan Migrasiýa boýunça halkara guramanyň (MHG) wekilhanasy bilen bilelikde guraldy. Duşuşyga merkezi we welaýat gazetleriniň, žurnallarynyň redaksiýalarynyň, telewideniýäniň,...

DOWAMY
pic
10 Apr

AŞGABAT ŞÄHERINDE TÜRKMENISTANYŇ WE ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIKLERINIŇ ARASYNDA SYÝASY GEŇEŞMELER GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 9-njy aprelinde Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda                            syýasy geňeşmeler geçirildi. Syýasy geňeşmelere gatnaşmak üçin Özbegistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Abdujabar Abduwahitowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti Türkmenistanyň paýtagtynda boldy. Geňeşmeleriň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyna garaldy we ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň öňdebaryjy ugurlary ara alnyp...

DOWAMY
pic
10 Apr

BÜTINDÜNÝÄ SAGLYK GÜNI MYNASYBETLI DAŞKENTDE KÖPÇÜLIKLEÝIN WELOSIPEDLI ÝÖRIŞ GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 8-nji aprelinde Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan Bütindünýä saglyk gününe bagyşlap, Ilçihananyň işgärleriniň we Özbegistanda bilim alýan türkmenistanly talyp ýaşlaryň gatnaşmaklarynda köpçülikleýin welosipedli ýöriş guraldy.          Çäräniň başlanmagynyň öňüsyrasynda Beýik Ýüpek ýolunyň taryhy we döwrebap ähmiýetini, Türkmenistanyň maddy gymmatlyklaryň taryhy ähmiýetini hem-de bedenterbiýäni we sporty wagyz etmek, halkara jemgyýetinde sagdyn du...

DOWAMY