SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ YKDYSADY, DURMUŞ WE MEDENI HUKUKLAR HAKYNDAKY HALKARA PAKTYNYŇ KADALARYNYŇ ÝERINE ÝETIRILIŞI BOÝUNÇA NOBATDAKY MILLI HASABATYNYŇ BIRLEŞEN MILLETLER GURAMASYNYŇ YKDYSADY, DURMUŞ WE MEDENI HUKUKLAR BOÝUNÇA KOMITETI TARAPYNDAN SEREDILMEGI HAKY
2018-nji ýylyň 1-2-nji oktýabry aralygynda Ženewa şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady, durmuş we medeni hukuklar boýunça komitetiniň (CESCR) 46-njy mejlisinde Türkmenistanyň Ykdysady, durmuş we medeni hukuklar hakyndaky Halkara paktynyň kadalarynyň ýerine ýetirilişi boýunça nobatdaky ikinji Milli hasabaty diňlenildi. Bu çärede Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajyýew ýolbaşçylyk etdi. Şeýle hem wekiliýetiň düzümine Türkmenistanyň Saglygy...
«Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» kitabynyň koreý dilindäki neşiri çap edildi
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» kitaby diňe biziň ýurdumyzda däl-de, daşary ýurtlarda hem uly meşhurlyga eýe bolup, dünýäniň köp dillerinde terjime edildi. Bu gün bolsa gadymy kerwen ýolunyň jebisleşdiriji ornuny açyp görkezýän döwlet Baştutanymyzyň eseriniň koreý dilinde neşir edilendigi baradaky hoş habar gelip gowuşdy. “Häzirki zaman dünýäsinde Beýik Ýüpek ýoly nämäni aňladýar?”. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedo...
BMG-NIŇ BOSGUNLARYŇ IŞLERI BARADAKY ÝOKARY KOMISSARYNYŇ ÝERINE ÝETIRIJI KOMITETINIŇ 69-NJY MASLAHATYNA TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ GATNAŞMAGY
2018-nji ýylyň 1-5-nji oktýabrynda Şwesariýanyň Ženewa şäherinde BMG-niň Bosgunlaryň işleri baradaky Ýokary komissarynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň (UNHCR) 69-njy maslahatyna Türkmenistanyň Döwlet Migrasiýa gullugynyň başlygynyň orunbasary S.B.Ymamberdiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti gatnaşýar. Ýerine ýetiriji komitet maksatnamalara göz aýlamak we berkitmek, agentligiň býujetini, halkara goraglylygy we beýleki meseleriň hataryny UNHCR we hökümetara hem-de hökümete dahyly bo...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI NÝU-ÝORKDA “TÜRKMENISTAN – ABŞ” IŞEWÜRLER GEŇEŞINIŇ WEKILLERI BILEN DUŞUŞYKLARY GEÇIRDI
Nýu-Ýork şäherinde iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistan – ABŞ” işewürler geňeşiniň wekilleri bilen duşuşyklary geçirdi. Ilki bilen “Türkmenistan – ABŞ” işewürler geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart bilen gepleşikler geçirildi. Işewür duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, türkmen liderini BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji maslahatynda üstünlikli çykyş etmegi bilen gutlady....
TÜRKMENISTANYŇ RAÝATLYGYNA KABUL EDILEN ADAMLARA PASPORTLAR GOWŞURYLDY
2018-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda Döwlet migrasiýa gullugynyň mejlisler zalynda Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilen adamlara pasportlary gowşurmak dabarasy boldy. Mälim bolşy ýaly, 24-nji sentýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti 735 adamy Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek hakynda Permana gol çekdi. Dabara ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň, halkara guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, harby ýokary okuw me...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE KOREÝA-MERKEZI AZIÝA DOSTLUK ASSOSIASIÝASYNYŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistana iş sapary bilen gelen Koreýa-Merkezi Aziýa Dostluk Assosiasiýasynyň prezidenti hanym Li Ok Rýonyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda Assosiasiýanyň prezidenti türkmen tarapyna myhmansöýer garşylandygy üçin öz minnetdarlygyny we amala aşyrylýan hyzmatdaşlyk üçin hoşallygyny bildirdi. Duşuşygyň barşynda Türkmenistan bilen Günorta Koreýanyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmat...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI NÝU-ÝORK ŞÄHERINE IŞ SAPARY BILEN GELDI
2018-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabadyň Halkara howa menzilinden Nýu-Ýorka tarap ugrady. Prezidentiň uçary birnäçe sagat uçandan soň, Jon Kennedi adyndaky Halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentini resmi adamlar garşyladylar. Howa menzilinden milli Liderimiz sapar wagtynda “Mandarin Oriental” diýen ajaýyp myhmanhanada ýerleşen özi üçin niýetlenen kabulhana tarap ugrady. Bu kabulhana Manhetteniň merkezinde ýerleşýär. Bu ýerde döwlet...