RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
11 Sen

Aşgabat Aziadasynyň ýadygärlik poçta markalarynyň toplumy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Aragatnaşyk ministrligi biziň ýurdumyzyň taryhyna uly ähmiýetli waka bolan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň hormatyna poçta markalarynyň iki tapgyryny çykardy.  Olaryň birinde Aziadanyň maksatnamasyna girizilen sportuň ähli görnüşlerini dabaralandyrýan Wepaly alabaýyň keşbi, beýlekisinde bolsa olaryň piktogrammalary şekillendirilendir. Olar bilelikde Oýunlaryň nyşanlary hakynda uly bolmadyk beý...

DOWAMY
pic
7 Sen

«Aşgabat 2017» oýunlarynyň alawy ýakyldy

Şu gün Türkmenistanda şanly sene - Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylmagyna 10 gün galmagy mynasybetli uly dabaralar geçirildi. Şu mynasybetli paýtagtymyzda hem-de Mary welaýatynda baýramçylyk çäreleri guraldy, olaryň arasynda aragatnaşyga bolsa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda guralan teleköpri üpjün etdi. Irden döwlet Baştutanymyz Olimpiýa şäherjigine, “Sport” myhmanhanasyna geldi. Bu ýere Mejlisiň Başlygy, hökümet agzalary,...

DOWAMY
pic
1 Sen

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINIŇ HALKARA GATNAŞYKLARY INSTITUTYNDA DURNUKLY ÖSÜŞ MAKSATNAMALARY BOÝUNÇA YLMY-USULYÝET MERKEZI AÇYLDY

2017-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynda Durnukly ösüşiň wezipeleri boýunça ylmy-metodiki merkeziň açylyş dabarasy boldy. Merkezi açmak we institutyň täze düzümini kesgitlemek boýunça degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gol çekdi. Dabara Türkmenistanda ýerleşýän halkara guramalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň işgärleri, Türkmenistanyň Daşary işler min...

DOWAMY
pic
25 Awg

TÜRKMENISTANYŇ OLIMPIÝA ŞÄHERÇESINIŇ DESGALARY-GINNESIŇ REKORDLAR KITABYNDA

?Guinness World Records» kompaniýasynyň wekilleri Aşgabadyň täze gözel ýerleriniň käbir desgalaryny ölçegleri boýunça iň irisi hökmünde bellige aldylar. Olary tassyklaýan güwänamalara laýyklykda, ekologiki taýdan iň arassa serişdeler ulanylyp gurulan dünýä ölçeglerine laýyk gelýän öňdebaryjy tehnologiýalar we paýtagtymyzdaky Olimpiýa stadionynyň münberini bezeýän ahalteke bedewiniň şekili dünýäde atyň iň uly nyşany hökmünde, Sportuň suw görnüşleri merkezi bolsa dünýäde iň uly suwda ýüzülýän üsti...

DOWAMY
pic
17 Awg

AŞGABATDA V AZIÝA OÝUNLARYNA 30 GÜN GALMAGY MYNASYBETLI ÇÄRE GEÇIRILDI

2017-nji ýylyň 17-nji awgustynda Türkmenistanyň paýtagtynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna 30 gün galmagy mynasybetli çäreler badalga aldy. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ähli çäreler bilen birlikde “Awtoulagsyz gün” atly köpçülikleýin ekologiýa çäresine, şeýle hem durmuş maksatly desgalaryň açylyş dabaralaryna  gatnaşdy. Irden Türkmenistanyň Prezidenti welosipedli ýörişe badalga berdi. Döwlet baştutanynyň ýolbaşçylygyndaky ýörişe gatnaşyjylar Saglyk ýolun...

DOWAMY
pic
15 Awg

BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ 72-NJI MEJLISI: TÜRKMENISTANYŇ DÖREDIJILIKLI GÜN TERTIBI

Ýene birnäçe hepdeden Nýu-Ýorkda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň nobatdaky, 72-nji mejlisi öz işine başlaýar. Indi birnäçe ýyllardan bäri dowam edip gelýän däbe görä, halkara durmuşynyň bu möhüm wakasynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän “açyk gapylar” syýasatyna gyşarnyksyz eýermek bilen, ýurdumyzyň öňümizdäki syýasy möwsümiň dowamynda amala aşyrjak we gorajak ileri tutulýan garaýyşlaryny halka ýetirýär. Türkmen diplomatiýasy...

DOWAMY
pic
1 Awg

Seul şäherinde “Türkmenistanyň Syýahatçylyk kuwwaty” atly seminar maslahaty geçirildi

Şu ýylyň 1-nji awgustynda Koreýa Respublikasynyň Söwda Senagat palatasynyň edara binasynda “Türkmenistanyň Syýahatçylyk kuwwaty” atly seminar geçirildi.  Bu seminara Koreýa Respublikasynyň Syýahatçylyk işi bilen meşgullanýan agentlikleriň we kompaniýalaryň wekilleri gatnaşdylar. Seminarda  Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi M.Mämmetalyýew, Koreýa we Merkezi Aziýa Hyzmatdaşlyk forumyň  sekretariatynyň  ýolbaşçysy Gwang-keun Kim şeýle-de,  “Aýan” (HJ) s...

DOWAMY