SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ DIM-INDE KUBA RESPUBLIKASYNYŇ ILÇISI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 6-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Kuba Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Alfredo Niewas Portuondonyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda taraplar iki ýurduň BMG-niň çägindäki ýakyn hyzmatdaşlyklaryň ähmiýetleri barada pikir alyşdylar. Türkmenistan bilen Kubanyň BMG-niň çäklerinde biri-biriniň öňe sürýän tekliplerini goldaýandyklary bellenilip geçild...
ŞANHAÝ ŞÄHERINDÄKI ILKINJI HYTAÝ IMPORT SERGISINE TÜRKMENISTANYŇ GATNAŞMAGY
2018-nji ýylyň 5-nji noýabrynda Şanhaý şäheriniň Milli sergi toplumynda HHR-niň Başlygy Si Szinpiniň gatnaşmagynda we çykyş etmeginde ilkinji hytaý halkara import sergisiniň dabaraly açylyşy boldy. Bu çärä wekilleriniň özüniň ösüşini we öndürýän harytlarynyň ýeten derejelerini görkezýän 80-den gowrak döwletiň söwda-maýagoýum pawilýonyna dünýäniň birnäçe ýurtlaryndan döwlet we hökümet baştutanlary gatnaşdylar. Sergide Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar, senagat, oba hojalygy, dokma sen...
AŞGABATDA SÖWDA-YKDYSADY HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA HÖKÜMETARA TÜRKMEN-OWGAN TOPARYNYŇ 7-NJI MEJLISI GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 1-2-nji noýabrynda Aşgabatda Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-owgan toparynyň 7-nji mejlisi geçirildi. Owgan tarapyndan Owganystan Yslam Respublikasynyň Maliýe ministriniň wezipesini ýerine ýetirijisi Mohammad Homaýun Kaýumi topara başlyklyk etdi. Iki döwletiň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we hünärmenleriniň gatnaşan Mejlisiniň gün tertibine geljekki hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryň meseleleriniň giň toplumy go...
AŞGABATDA AGYR ATLETIKA BOÝUNÇA DÜNÝÄ ÇEMPIONATY DABARALY ÝAGDAÝDA AÇYLDY
2018-nji ýylyň 1-nji noýabrynda Aşgabatda Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň dabaraly açylyşy boldy. Bu waka Aşgabadyň ykrar edilen halkara sport merkezine öwrülendiginiň aýdyň subutnamasy boldy. Olimpiýa şäherçesiniň düzümine girýän Sportuň oýun görnüşleriniň toplumy çempionatyň dabaraly açylyşynyň geçirilýän ýeri boldy. Hormat garawulynyň esgerleri tarapyndan dabaraly ýagdaýda Türkmenistanyň Döwlet baýdagy meýdança getirildi. Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlandy. Soňra sport topl...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 1-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-owgan toparynyň mejlisine gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Owganystan Yslam Respublikasynyň Maliýe ministriniň wezipesini ýerine ýetirijisi Mohammad Homaýun Kaýumi bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň hem ikitaraplaýyn gepleşikleri işjeňleşdirmek ugruna bolan meýillerini aýan etdiler, şeýle hem sebitdäki ýagdaýy we türkmen-owgan hyzmat...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI ABU-DABIDE “AGRISCAPE-2018” ATLY SERGI-MASLAHATYNA GATNAŞDY
2018-nji ýylyň 29-30-njy oktýabry aralygynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherinde Oba hojalyk toplumyna maýa goýumlary çekmeklige hem-de azyk howspuzlygy meselelerine bagyşlanan “Agriscape” atly 2-nji sergi-maslahaty geçirildi. Sergi-maslahat BAE-niň Premýer ministriniň orunbasary, Prezidentlik işleri boýunça ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýanyň ýolbaşçylygynda hem-de BAE-niň Azyk howspuzlygy boýunça döwlet ministri Mariam Hareb Almeiriniň garamagynda Abu Dabiniň Azyk howsp...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI AZERBAÝJAN RESPUBLIKASYNDA RESMI IŞ SAPARYNDA BOLDY
2018-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet topary Azerbaýjan Respublikasynda resmi iş saparynda boldy. Günüň birinji ýarymynda Türkmenistanyň wekiliýeti Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew tarapyndan kabul edildi. Duşuşygyň başynda türkmen-azerbaýjan ikitaraplaýyn dost-doganlyk gatnaşyklary, şeýle hem ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň ösüşi boýunça meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşygyň...