SOŇKY HABARLAR
DAŞKENT ŞÄHERINDE BILELIKDÄKI TÜRKMEN-ÖZBEK TOPARYNYŇ NOBATDAKY MEJLISI GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 1-2-nji martynda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň 14-nji mejlisi geçirildi. Toparyň işine gatnaşmak üçin Özbegistan Respublikasyna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary B.Annameredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet geldi. Mejlisiň işine Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň ministrlikleriniň hem-de pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Mejlisiň barşynda taraplar Tü...
Mejlisiň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň dalaşgärleriniň saýlawçylar bilen duşuşyklary geçirilýär
Türkmenistanda Mejlisiň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň 25-nji martda geçirilmegi meýilleşdirilýän saýlawlaryň çäklerinde giňden ýaýbaňlanan taýýarlyk işleriniň möhüm tapgyry tamamlandy. Milli parlamentiň deputatlygyna jemi 284, welaýat halk maslahatlarynyň agzalygyna 489, etrap we şäher halk maslahatlarynyň agzalygyna 2570, şeýle hem Geňeşleriň agzalygyna 13215 dalaşgär hödürlenildi. Olaryň hatarynda ykdysadyýetiň dürli pudaklarynyň ýokary derejeli hünärmenler...
TÜRKMEN-RUS HYZMATDAŞLYGYNYŇ GELJEGI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2018-nji ýylyň 28-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Russiýa Federasiýasynyň Oba hojalyk ministriniň orunbasary Ýe.Astrahansewanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşdy. Söhbetdeşligiň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we syýasy-diplomatik we söwda-ykdysady ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösüşiniň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýokary döwlet derejesindäki işjeň syýa...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE TÜRKMEN-HYTAÝ GEPLEŞIKLERI GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 28-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Hytaý Halk Respublikasynyň Energetika boýunça döwlet müdirliginiň başlygy Nuer Baýkeliniň ýolbaşçylygyndaky Hytaý Halk Respublikasynyň wekiliýetini kabul etdi. Duşuşygyň barşynda taraplar uzak möhletleýin esasda ýola goýulýan we ikitaraplaýyn bähbitlere laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygyň ençeme esasy ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Şeýle hem taraplar iki döwlet üçin hem ähmiýetli bolan energetika ulgamynda ýet...
BMG-NIŇ ADAM HUKUKLARY BARADAKY GEŇEŞINIŇ 37-NJI MEJLISINIŇ ÇÄKLERINDE ŽENEWA ŞÄHERINDE BILELIKDÄKI PARALLEL ÇÄRESI GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 28-nji fewralynda Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ženewa şäherinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG-niň) Adam hukuklary baradaky Geňeşiniň 37-nji mejlisiniň çäklerinde her ýylky Ýokary derejedäki segmentiniň dowamynda Adam hukuklary baradaky Ählumumy beýanamanyň 70 ýyllygynyň çäklerinde “Merkezi Aziýa ýurtlary bolan Türkmenistanda, Täjigistanda we Özbegistanda adam hukuklarynyň kämilleşdirilmegi” atly bilelikdäki parallel çäresi geçirildi. Bu çä...
ŞWEÝSARIÝADA TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ HALKARA UNIWERSITET SPORTY FEDERASIÝASYNYŇ ÝOLBAŞÇY DÜZÜMI BILEN DUŞUŞYGY BOLDY
2018-nji ýylyň 28-nji fewraly-1-nji marty aralygynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Şwesariýanyň Lozanna şäherine sapary boldy, onuň barşynda Halkara uniwersitet sporty federasiýasynyň ýolbaşçy düzümi bilen duşuşyklar geçirildi. Türkmen wekiliýetiniň düzümine Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministri D.Gulgeldiýew, Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mýatiýew, Türkmenistanyň Milli olimpiýa komitetiniň Baş sekretary A.Myradow we BMG-niň Ženewa şäherindäki Edarasynyň ýanyn...
LEBAPDA HALKARA HOWA MENZILI AÇYLDY
2018-nji ýylyň 26-njy fewralynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Lebap welaýatyna iş saparynyň çäklerinde welaýatyň dolandyryş merkezi bolan Türkmenabat şäherinde bina edilen Halkara howa menziliniň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Türkmenabat şäheriniň täze Halkara howa menziliniň çäginiň girelgesiniň ýanynda Mejlisiň başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ý...