img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
KOREÝA RESPUBLIKASY - SEUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
19 Few

2018-NJI ÝYLYŇ 17-18-NJI FEWRALY ARALYGYNDA“TÜRKMENISTANYŇ DIPLOMATIK IŞGÄRLERINIŇ GÜNI” MYNASYBETLI GEÇIRILEN SPORT ÝARYŞLAR

2018-nji ýylyň 17-18-nji fewraly aralygynda “Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni” baýramçylygyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň hem-de Aşgabatda ýerleşýän daşary ýurt diplomatik we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň sport toparlarynyň gatnaşmagynda aşakda görkezilen sport ýaryşlar geçirildi: Basketbolyň 3x3 görnüşi - Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary istitutynyň sport toplumynda; 400 metr aralyga köpçülikleýin ylgaw - Magtym...

DOWAMY
pic
19 Few

TÜRKMENISTANYŇ DIPLOMATIK IŞGÄRLERINIŇ GÜNÜNE BAGYŞLANYP GEÇIRLEN MASLAHAT

2018-nji ýylyň 17-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň gününe bagyşlanyp «Beýik Ýüpek ýolunyň diplomatiýasy: parahatçylygyň, dostlugyň we hyzmatdaşlygyň dabaralanmagy» atly halkara maslahaty geçirildi.  Maslahatyň işine Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, Ylymlar Akademiýasynyň,  Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky milli institutynyň, Türkmenistanyň Prezid...

DOWAMY
pic
15 Few

Martda geçiriljek saýlawlarda GDA, BMG, DIAHBE, ŞHG, YHG synçylarynyň gelmegine garaşylýar

Türkmenistanda Mejlisiň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriniň agzalarynyň 25-nji martda geçiriljek saýlawlaryna taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Häzirki wagtda dalaşgärleri bellige almak we hödürlemek işleri dowam edýär.  Ähli saýlaw okruglarynda Demokratik partiýanyň, Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň, Agrar partiýanyň komitetleriniň hem-de raýatlar toparlarynyň ýygnaklary getirilýär, şolaryň barşynda ýurdumyzyň ýokary kanunçykaryjylyk edarasyna, ýerli häkimiýet hem-de...

DOWAMY
pic
15 Few

TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE BMG-NIŇ MERKEZI AZIÝA ÜÇIN ÖŇÜNI ALYŞ DIPLOMATIÝASY BOÝUNÇA SEBIT MERKEZINIŇ 2018-NJI ÝYL ÜÇIN IŞ MEÝILNAMASY BILEN TANYŞDYRMAK BOÝUNÇA TEGELEK STOLUNYŇ MEJLISI GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 13-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň 2018-nji ýyl üçin iş meýilnamasy bilen tanyşdyrmaklyga bagyşlanan tegelek stol görnüşindäki mejlisi geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkezi bilen hyzmatdaşlyk esasynda gurnaldy.   Tegelek stolyň işine Türkmenistanda akkreditirlenen daşary ýurt döwletl...

DOWAMY
pic
9 Few

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE ÝEWROPA BILELEŞIGINIŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK

2018-nji ýylyň 8-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekiliýetiniň ýolbaşçysy (oturýan ýeri Ankara şäheri) jenap Kristian Berger bilen duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň barşynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda gazanylan üstünlikler we geljekde hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy. Taraplar Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky ikitaraplaýyn özarab...

DOWAMY
pic
6 Few

Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Türkmenistan - Koreýa parlamentara dostluk toparynyň ýolbaşçysy bilen duşuşyk

2018-nji ýylyň 5-nji fewralynda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi M.Mämmetalyyew Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Türkmenistan - Koreýa parlamentara dostluk toparynyň ýolbaşçysy, Ylym, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalar, teleradioýaýlym we aragatnaşyk komitetiniň ýerine ýetiriji sekretary Pak Deçul bilen duşyşyk geçirdi. Taraplar Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň parlamentleriniň arasynda gatnaşyklaryň ýokary derejededigini b...

DOWAMY
pic
6 Few

HINDISTAN RESPUBLIKASYNYŇ ILÇISI YNANÇ HATYNYŇ NUSGASYNY GOWŞURDY

2018-nji ýylyň 5-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky täze Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Azar Abul Hasan Han bilen duşuşyk boldy. Duşuşygyň başynda Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçi ynanç hatynyň nusgasyny gowşurdy. Syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň ýokary derejesini belläp taraplar geljekde bu ugurda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, ýokary derejedäki...

DOWAMY