SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ WE HINDISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ ARASYNDA GEPLEŞIKLER
2018-nji ýylyň 16-njy ýanwarynda Hindistana özüniň gysga möhletleýin saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow Nýu-Delide Hindistanyň Daşary işler ministri Suşma Swaraj bilen duşuşdy. Hindistanyň Daşary işler ministrine gysga wagtyň içinde duşuşygy gurnandygy üçin minnetdarlygyny bildirip, R.Meredow TAPI gaz geçirijisini tejribede durmuşa geçirmekde we iri hususy we döwlet donorlary tarapyndan degişli maliýe çeşmelerini...
PALESTINA DÖWLETINIŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ ORUNBASARY BILEN DUŞUŞYK
2018-nji ýylyň 16-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Palestina Döwletiniň Daşary işler ministriniň orunbasary Mazen Şamiýanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Taraplar gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşyp, olary geljekde ösdürmegiň esasy ugurlaryny kesgitlediler. Öňdebaryjy ugurlaryň hatarynda Türkmenistanyň we Palestina Döwletiniň arasyndaky syýasy-diplomatik özaragatnaşyklary bellenildi. Gepleşikleri...
YSLAMABATDA TÜRKMENISTANYŇ WE PAKISTANYŇ ARASYNDA SYÝASY GEŇEŞMELERIŇ NOBATDAKY MEJLISI GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 14-16-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky hökümet wekiliýeti iki günlik sapar bilen Yslamabatda boldy. Günüň birinji ýarymynda duşenbe güni Pakistanyň DIM-niň binasynda Türkmenistanyň we Pakistanyň arasynda daşary işler ministrleriň derejesinde syýasy geňeşmeler geçirildi. Pakistan tarapyna ýurduň Daşary işler ministri Khawaja Muhammad Asif ýolbaşçylyk etdi. Geňeşmeleriň gün tertibine...
KOREÝA RESPUBLIKASYNYŇ ILÇISI YNANÇ HATYNYŇ NUSGASYNY GOWŞURDY
2018-nji ýylyň 13-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Koreýa Respublikasynyň täze Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Jin Ki Hun bilen duşuşyk boldy. Duşuşygyň barşynda taraplar gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy barada pikir alyşdylar, şeýle-de Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklary geljekde işjeňleşdirmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Syýasy gurşawdaky gazanylan ýokary netijeleri belläp, taraplar halkara guramalaryň çarçuwas...
Kreýg Ridi: Bütindünýä Dopinge garşy agentligi Türkmenistanyň Milli dopinge garşy agentliginiň ösdürilmegine ýardam bermäge ygrarlydyr
Bütindünýä Dopinge garşy agentliginiň prezidenti Kreýg Ridi döwlet Baştutanymyza, Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa hat iberip, onda Bütindünýä Dopinge garşy agentligiň işine hemişe goldaw we dopingden arassa türgenleri goramak boýunça maksatlary amala aşyrmaga ýardam berýändigi üçin hoşallyk bildirdi. Siziň howandarlygyňyzda Türkmenistanda Merkezi Aziýanyň Sebit dopinge garşy guramasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň mejlisi hem-de 2017-nji ýylyň...
Türkmenistanyň Prezidenti we Malaýziýanyň daşary işler ministri hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Malaýziýanyň daşary işler ministri jenap Dato Sri Anifah Amany kabul etdi. Myhman türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirip, Malaýziýanyň ýolbaşçylar düzüminden Döwlet Baştutanymyza we tutuş ýurdumyzyň halkyna aýdan bagtyýarlyk hem-de rowaçlyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Bellenilişi ýaly, Malaýziýada möhüm hem-de geljegi uly hyzmatdaş hökmünde ykrar edilen Türkmenistan bilen gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly üns b...
Milli parlament täze kanunlary kabul etdi hem-de käbir ilatly ýerlere taryhy atlaryny gaýdyp berdi
Türkmenistanyň Mejlisiniň bäşinji çagyrylyşynyň ýigrimi altynjy maslahaty geçirildi, onda täze kanunlar we kadalaşdyryjy-hukuk namalarynyň birnäçesi kabul edildi. Maslahata ýurdumyzyň Hökümet agzalary, degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň we Ahal welaýatynyň häkimleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatyň gün tertibine laýyklykda, “Ulag howpsuzlygy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy deputatlaryň garamagyn...