SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar
2024-nji ýylyň 9-njy awgustynda Astana şäherinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewyň arasynda duşuşyk geçirildi. Türkmenistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamyny ýetirdi hem-de ony ýokary sylag – Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormat nyşany bilen sylaglanylmagy bilen gutlady. Duşuşygyň barş...
Türkmenistan “Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy” hyzmatdaşlyk forumynyň Sekretariatynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň 15-nji mejlisine gatnaşdy
2024-nji ýylyň 8-nji awgustynda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçisi Begenç Durdyýew Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginde “Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy” hyzmatdaşlyk Forumynyň Sekretariatynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň 15-nji mejlisine gatnaşdy. Duşuşygyň dowamynda Sekretariatyň Ýerine ýetiriji komitetiniň agzalary, ýagny, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ilçileri we Koreýa Respublikasynyň DIM-niň Demirgazyk-Gündogar we Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça býurosynyň baş dire...
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi
2024-nji ýylyň 5-nji awgustynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Döwlet Baştutanlary birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, netijeli we strategik häsiýete eýe bolan türkmen-gazak gatnaşyklarynyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler. Söhbetdeşligiň barşynda Prezident Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy Gazagystana sapar bile...
Türkmenistan we Filippinler Respublikasy söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar
2024-nji ýylyň 3-nji awgustynda Filippinler Respublikasyna amala aşyrýan saparynyň ikinji gününde Türkmenistanyň wekiliýeti «Clark Freeport» erkin ykdysady zolagyna baryp gördi. Bu sapar iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak, tejribe alyşmak we bilelikdäki taslamalaryň geljegini ara alyp maslahatlaşmak üçin möhüm ädim boldy. Saparyň çäklerinde özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini öwrenmek maksady bilen, Bazalary özgertmek we ösdürmek boýunça müdirlik (BCDA) bilen duşuşyk...
Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygyna gatnaşdy
2024-nji ýylyň 9-njy awgustynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygyna gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasynda iş sapary bilen boldy. Sammite gatnaşmak üçin Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň Prezidentleri hem Astana şäherine geldiler. Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň çakylygy boýunça Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti hormatly myhman...
Визит заместителя министра иностранных дел Туркменистана в Республику Филиппины
2 августа 2024 года в рамках визита делегации Туркменистана в Республику Филиппины в Маниле состоялись политические консультации между внешнеполитическими ведомствами Туркменистана и Республики Филиппины. Туркменскую сторону возглавил заместитель министра иностранных дел Туркменистана Ахмет Гурбанов, филиппинскую – заместитель секретаря по двусторонним отношениям и делам АСЕАН Департамента по иностранным делам Республики Филиппины Мария Тереза Лазаро. В ходе консультаций состоялся заинтер...
Türkmenistanly lukmanlar Pusan Milli uniwersitetiniň Koreý lukmançylygy hassahanasynda okuw maksatnamasyny tamamladylar
2024-nji ýylyň 1-26-njy iýuly aralygynda Pusan Milli uniwersitetiniň Koreý lukmançylygy hassahanasynda Türkmenistanly lukmanlar üçin dört hepdelik kliniki okuw maksatnamasy geçirildi. Okuwyň maksady koreý lukmançylygynyň öňdebaryjy kliniki nazaryýeti we usullary bilen tanyşmakdan, şeýle hem geçen ýyl başlanan bilelikdäki işi dowam etmekden ybarat boldy. Okuw maksatnama gatnaşanlar uniwersitetiň koreý lukmançylygy, koreý dikeldiş lukmançylygy hem-de akupunktura lukmançylygy kafedralarynyň pr...