RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
4 Sen

Akylly Arkadag şäheri «2024 World Smart City Expo» halkara sergisinde 3 sany baýraga  mynasyp boldy

2024-nji ýylyň 4-nji sentýabrynda Akylly Arkadag şäheri Koreýa Respublikasynyň Goýang şäherinde geçirilýän «2024 World Smart City Expo» atly akylly şäherleriň halkara sergisiniň baýrak gowşuryş dabarasynda 3 sany baýraga  mynasyp boldy. Baýraklar sergä gatnaşyjylaryň arasynda aýry ugurlar boýunça has tapawutlanan daşary ýurt we milli şäherlere hem-de kompaniýalara berildi. Akylly Arkadag şäherine bu dabara gatnaşyjylaryň arasynda ilkinji bolup baýraklaryň gowşurylmagy aýratyn bellärliklidir....

DOWAMY
pic
3 Sen

Türkmenistan bilen TÜRKSOÝ-yň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2024-nji ýylyň 3-nji sentýabrynda Türkmenistanyň DIM-iň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultan Raýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň agzalarynyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň gün tertibine Türkmenistan bilen TÜRKSOÝ-yň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri girizildi we gatnaşyklaryň geljegi uly bolan ugurlary kesgitlenildi. Bellenilişi ýaly, 2024-nji ýyl türki dilli dünýäde Türkmen...

DOWAMY
pic
3 Sen

Türkmenistan «Rönesans Holding» türk kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygy dowam etdirýär

2024-nji ýylyň 2-nji sentýabrynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Rönesans Holding» kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjak bilen duşuşygy geçirildi. Işewür duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny beýan edip, Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiň täze binalar toplumynyň gurluşygynyň «Rönesans Holdinge» ynanylmagynyň bu kompaniýa üçin uly mertebedigini belledi. Bu toplumyň açylyş...

DOWAMY
pic
3 Sen

Türkmen halkynyň Milli Lideri «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

2024-nji ýylyň 2-nji sentýabrynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk bilen duşuşdy. Wagt tapyp kabul edendigi üçin Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, işewür türkmen halkynyň Milli Liderini Bilimler we talyp ýaşlar güni bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogany...

DOWAMY
pic
3 Sen

Türkmenistanyň wekiliýetiniň «2024 World Smart City Expo» atly akylly şäherleriň sergisine gatnaşýar

Türkmenistan wekiliýeti 2024-nji ýylyň 3-nji sentýabrynda Koreýa Respublikasynyň Goýang şäherinde geçirilýän «2024 World Smart City Expo» atly akylly şäherleriň halkara sergisiniň resmi açylyş dabarasyna gatnaşdy. Bu sergide türkmen tarapy akylly Arkadag şäherine bagyşlanan – onuň mümkinçilikleri we aýratynlyklary bilen tanyşdyrýan pawiliony bilen çykyş etdi. «2024 World Smart City Expo» halkara sergisine Koreýa Respublikasynyň welaýatlarynyň, ýerli we daşary ýurt kompaniýalarynyň, dürli d...

DOWAMY
pic
2 Sen

Täjigistanda Magtymguly adyndaky täze mekdebiň açylyşy geçirildi

2024-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda Täjigistan Respublikasynyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynyň Ergeş Sultanow daýhan birleşiginde gurlan 540 orunlyk Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdebiň açylyş dabarasy geçirildi. Dabara sanly ulgam arkaly iki döwletiň Prezidentleri Serdar Berdimuhamedow we Emomali Rahmon gatnaşdylar. Täjigistan Respublikasyndaky täze bilim edarasynyň binalar toplumynyň gurluşygy Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň dekabrynda gol çeken Kararyna laýyklyk...

DOWAMY
pic
30 Awg

Türkmenistan Owganystanyň ykdysady goşulyşma proseslerine gatnaşmagyny goldaýar

2024-nji ýylyň 30-njy awgustynda Aşgabatda türkmen we owgan wekiliýetleriniň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine bagyşlanan duşuşygy geçirildi. Owgan wekiliýetine Owganystanyň dag-magdan we nebit ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Hedaýatulla Badri ýolbaşçylyk etdi. Türkmen wekiliýetiniň düzümine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary girdi. Duşuşykda wekiliýetleriň agzalary ykdysadyýetiň esasy pudaklarynda...

DOWAMY