Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekilhanasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirildi

photo

2025-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekilhanasynyň ýolbaşçysy hanym Bilýana Miloşewiç bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşykda «Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek» atly halkara maslahata, şeýle hem Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy we Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçiriljek foruma hem-de baýramçylyk çärelerine gatnaşmak maksady bilen Türkmenistana amala aşyran sapary üçin minnetdarlyk bildirildi.

Taraplar Türkmenistanyň Hökümeti bilen Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň üstümizdäki ýylyň ahyryna çenli alyp barjak bilelikdäki işiniň netijelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşykda halkara ynsanperwer hukugynyň kadalary göz öňünde tutulup, taraplaryň gelejekde hyzmatdaşlygy ösdürmäge bolan ygrarlylygy tassyklanyldy.

Mundan başga-da, 2026-njy ýyl üçin hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryna garaldy.