Türkmenistanyň Ilçisi 21-nji Jeju forumynyň çäklerindäki Ilçileriň tegelek stol çäresine gatnaşdy
2026-njy ýylyň 24-nji iýunynda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçisi Begenç Durdyýew Jeju şäherinde geçirilen 21-nji Jeju forumynyň çäklerinde guralan “Koreýa Respublikasy bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky köp derejeli hyzmatdaşlygy giňeltmek: energetika, senagat we medeni çygyrlarda alyşmalar” atly tegelek stol görnüşdäki çärä gatnaşdy.
Bu çäre 2026-njy ýylyň sentýabr aýynda Seul şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän ilkinji Merkezi Aziýa - Koreýa Respublikasy Sammitiniň öňüsyrasynda ikitaraplaýyn we sebitleýin hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alyşmak maksady bilen guralyp, oňa Koreýa Respublikasynyň Hökümetiniň wekilleri, bu ýurtda akkreditirlenen Ilçiler we diplomatlar, alymlar hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Öz çykyşynda Ilçi B. Durdyýew Garaşsyzlyk ýyllarynyň dowamynda Watanymyzyň ýeten sepgitleri we häzirki döwürde ileri tutýan ugurlary barada gürrüň berdi. Ol hususan-da, şu ýyl ýurdumyzda Garaşsyzlygyň 35 ýyllygynyň giňden bellenilýändigini nygtamak bilen 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany” atly milli şygaryň astynda möhüm wakalara baýdygy barada diňleýjileriň dykgatyna ýetirdi.
Şeýle-de Ilçi Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň dowamly ösdürilýändigi we olaryň syýasy, ykdysady we medeni ulgamlarda baglaşylan ylalaşyklaryň berk hukuk binýadyna esaslanýandygy barada aýtdy. Mundan başga-da gatnaşyklary ösdürmekde iň ýokary derejeli duşuşyklaryň wajyplygyna ünsi çekmek bilen, Ilçi 2025-nji ýylyň awgust aýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Li Je Mýonuň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmakdaky aýratyn ähmiýetini nygtady.
Söwda we ykdysadyýet ulgamdaky türkmen-koreý hyzmatdaşlygy babatda koreý kompaniýalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanda nebitgaz we himiýa pudaklarynda amala aşyrylan taslamalar barada maglumat berdi. Şol sanda häzirki wagtda “Daewoo Engineering & Construction” kompaniýasynyň himiýa pudagynda we “Korea Meditech Co., Ltd.” kompaniýasynyň saglygy goraýyş pudagynda alyp barýan işleri barada aýratyn bellenildi. Galyberse-de ýakynda ulanylmaga berlen “Gadamly” gury ýük gämisiniň Hazar deňzinde ýüzüşe goýberilmeginiň senagat ulgamynda giňeýän hyzmatdaşlygyň aýdyň mysaly hökmünde häsiýetlendirildi.
Şeýle hem Ilçi Türkmenistanda koreý dilini öwrenmäge we taekwondo söweş sungatyna bolan barha artýan gyzyklanmanyň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary has hem baýlaşdyrýandygyny belledi.
Çykyşynyň soňunda Ilçi B.Durdyýew Türkmenistanyň ilkinji Merkezi Aziýa - Koreýa Respublikasy Sammitine aýratyn ähmiýet berýändigi we onuň anyk netijelere getirmegine garaşýandygy barada aýdyp, koreý tarapyny bu Sammite hem-de Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň saparyna taýýarlyk görmekde işjeň hyzmatdaşlyk etmäge çagyrdy.