RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
23 Awg

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy geçirildi

2025-nji ýylyň 22-nji awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda duşuşyk geçirildi. Belent mertebeli myhman Türkmenistan - Azerbaýjan - Özbegistan üçtaraplaýyn duşuşygyna gatnaşmak üçin ýurdumyza iş sapary bilen geldi. Kongresler merkezinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbangul...

DOWAMY
pic
23 Awg

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň arasyndaky gepleşikler

2025-nji ýylyň 22-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistan - Azerbaýjan - Özbegistan üçtaraplaýyn duşuşygyna gatnaşmak üçin ýurdumyza iş sapary bilen gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň arasynda gepleşikler geçirildi. Kongresler merkezinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly dö...

DOWAMY
pic
23 Awg

Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçisi halkara maslahatda ýurduň Premýer-ministri bilen duşuşdy

2025-nji ýylyň 22-nji awgustynda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçisi B.Durdyýew Seul şäherinde Koreýa Respublikasynyň Premýer-ministri Kim Min Sokuň we beýleki Hökümet agzalarynyň gatnaşmagynda geçirilen “Uglerod bitaraplygy we ýaşyl ösüşi gazanmak üçin halkara hyzmatdaşlyk” maslahatynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Geçirilen çärede Koreýa Respublikasynyň Premýer-ministri Kim Min Sok çykyş edip, täze koreý Hökümetiniň gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ulanmagy artdyrmak üçin...

DOWAMY
pic
21 Awg

ABŞ-da türkmen-amerikan syýasy geňeşmeleriniň nobatdaky tapgyry geçirildi

2025-nji ýylyň 20-nji awgustynda Waşingtonda Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda her ýyl geçirilýän ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeleriň on birinji tapgyry geçirildi. Geňeşmeleriň dowamynda türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow, amerikan tarapyna ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa işleri boýunça kömekçisiniň orunbasary Jon Mark Pommerşaým ýolbaşçylyk etdiler. Duşuşykda taraplar türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň häzirki ýag...

DOWAMY
pic
20 Awg

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretarynyň duşuşygy

2025-nji ýylyň 20-nji awgustynda Waşingtonda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretary Marko Rubionyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän meselelere garaldy. Taraplar ikitaraplaýyn derejede we halkara guramalardaky bilelikdäki işiň çäginde iki döwlet...

DOWAMY
pic
19 Awg

Daşary işler ministriniň orunbasarynyň Palestina Döwletiniň Ilçisi bilen duşuşygy

2025-nji ýylyň 19-njy awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Palestina Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Rana Abu Hijlehiň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Rana Abu Hijleh öz adyndan we Palestina Döwletiniň ýolbaşçylygynyň adyndan palestin hal...

DOWAMY
pic
18 Awg

Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçisi B.Durdyýew Koreýa Respublikasynyň milli baýramy – Azat ediş gününiň 80 ýyllygy mynasybetli çärelere gatnaşdy

2025-nji ýylyň 15-nji awgustynda Ilçi B.Durdyýew Seul şäherinde Koreýa Respublikasynyň milli baýramy – Azat ediş gününiň 80 ýyllygy mynasybetli bu ýurduň Prezidenti Li Je Mýonuň we beýleki Hökümet agzalarynyň gatnaşmagyndaky gecirilen baýramçylyk çärelerine gatnaşandy. Çärelerde Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Li Je Mýon çykyş etmek bilen, koreý halkynyň azatlyk ugrunda alyp baran gahrymançylykly göreşi, koreý ýarymadasynyň ikä bölünmegi we koreý halkynyň milli birleşmä bolan ymtylyşy, bu s...

DOWAMY