SOŇKY HABARLAR
Horwatiýanyň Ilçisi ynanç hatynyň nusgalaryny gowşurdy
2025-nji ýylyň 22-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Horwatiýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Ankara ş.) Hrwoýe Swetanowiçiň arasynda duşuşyk geçirildi. Ilçi özüniň ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Duşuşygyň başynda M.Bäşimowa Horwatiýanyň Ilçisini jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlady we diplomatik işinde üstünlik arzuw etdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy...
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Gazagystan Respublikasyna dostlukly sapary başlandy
2025-nji ýylyň 21-nji aprelinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly sapar bilen Gazagystan Respublikasyna ugrady. Türküstan şäheriniň Hazret Sultan Halkara howa menzilinde belent mertebeli türkmen myhmanyny Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew we beýleki resmi adamlar mähirli garşyladylar. Gazagystan Respublikasyna saparynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri Türküstan şäherindäki Hazret Sul...
Türkmenistanyň hökümet wekiliýeti Koreýa Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy.
2025-nji ýylyň 16-19-njy apreli aralygynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary B.Annamämmedowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň Koreýa Respublikasyna iş sapary amala aşyrylyp, onuň dowamynda bu ýurduň hökümet wekilleri, koreý kompaniýalarynyň hem-de maliýe institutlarynyň ýolbaşçylary we wekilleri bilen duşuşyklar geçirildi we önümçilik bilen meşgullanýan zawodlara we jemgyýetçilik desgalaryna barlyp görüldi. Koreýa Respublikasynyň “K-Exim” banky...
Koreýa Respublikasynyň Söwda, senagat we energetika ministri bilen geçirilen duşuşyk barada
2025-nji ýylyň 18-nji aprelinde Seul şäheriniň “Four Seasons” myhmanhanasynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň hökümet wekiliýeti bilen Koreýa Respublikasynyň Söwda, senagat we energetika ministri jenap An Dokgynyň arasynda ýokary derejeli duşuşyk geçirildi. Koreý tarapyndan geçirilen duşuşyga “Daewoo Engineering & Construction” kompaniýasynyň prezidenti we ýerine ýetiriji direktory jenap Kim Bo Hýon hem gatnaşdy. Du...
Ulag arabaglanyşygyny we söwda-ykdysady utgaşygyny pugtalandyrmak ugrunda
2025-nji ýylyň 18-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde “Hereketleriň Aşgabat maksatnamasy (2024–2035) we Durnukly ulagyň onýyllygy (2026–2035) bilen baglylykda Merkezi Aziýa we Günorta Kawkaz sebitinde ulag arabaglanyşygyny we söwda-ykdysady utgaşygyny ösdürmek” atly tegelek stol geçirildi. Tegelek stoluň işine Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň hem-de halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, şeýle hem KHBS-iň wekilleri gatnaşdylar...
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde “Al-Arabiýa” teleýaýlymy bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2025-nji ýylyň 18-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow “Al-Arabiýa” teleýaýlymynyň esasy alyp baryjysy Riz Hanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda türkmen tarapynyň geljekde dünýä KHBS-ri bilen, hususan-da “Al-Arabiýa” meşhur teleýaýlymy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge bolan gyzyklanmasy barada bellenip geçildi. Şunuň bilen baglylykda, taraplar hyzmatdaşlygyň mümkin bolan görnüşlerini, şol sanda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň...
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystany Patyşalygynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisini kabul etdi
2025-nji ýylyň 17-nji aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Amer bin Ali Al-Şehrini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Ilçi bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, Saud Arabystanynda Türkmenistanyň dürli ugurlarda gazanýan üstünliklerine ýokary baha berilýändigini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, Iki Mukaddesligiň Hyzmatkäri Patyşa S...