SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ MAROKKO PATYŞALYGYNDAKY ILÇISI YNANÇ HATLARYNY GOWŞURDY
2018-nji ýylyň 22-nji maýynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi I.Amanlyýew Marokko Patyşalygynyň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministrliginiň Baş sekretary Mohammed Ali Lazraga Türkmenistanyň Marokko Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hökmünde (oturýan ýeri Ankara şäheri) ynanç hatlaryny gowşurdy.
“Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi”
2018-nji ýylyň 25-nji maýynda 2018 ýylyň «Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» yglan edilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçihanada bu ýurtda ýerleşýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda dabaraly çäreler geçirildi. Çäräniň barşynda Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyrmak barada brifing, şeýle hem stoluň üstünde tennis boýunça ýaryş geçirildi. Sport çäresiniň netijeleri boýunça onuň ýeňijisine ýadygärlik sowgatlary go...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE ÝEWROPA BILELEŞIGINIŇ MERKEZI AZIÝA BOÝUNÇA ÝÖRITE WEKILI BILEN DUŞUŞYK
2018-nji ýylyň 23-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Daşary işler ministriniň Aşgabat şäherine iş sapary bilen gelen Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Peter Burian bilen duşuşygy boldy. Duşuşykda taraplar özara gyzyklanma bildirilýän meseleleriň giň toplumyny, şol sanda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky gatnaşyklaryň geljekki ösüşini ara alyp maslahatlaşdylar. Gepleşikleriň barşynda taraplar Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa üçin...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILÝETI BÜTINDÜNÝÄ SAGLYGY GORAÝYŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ 71-NJI MEJLISINE GATNAŞÝAR
2018-nji ýylyň 21-nji maýynda Ženewa şäherinde Bütindünýä saglygy goraýyş assambleýasynyň 71-nji mejlisi öz işine başlady. Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň wekillerinden ybarat Türkmenistanyň wekiliýeti Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň 70 ýyllyk ýubileýi bilen gabat gelen ýokarda agzalan mejlisiň işine gatnaşdy. Saglygy goraýyş ulgamynyň aktual meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin sebitleýin hem-de global derejede strategiki wajyp meýdança Şweýsariýa...
TELERADIOÝAÝLYMLARYŇ HALKARA STANDARTLARY ÝHHG-NIŇ TÜRKMENISTANDAKY WEKILHANASYNYŇ ÜNS MERKEZINDE
Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň, şeýle hem parlament wekilleri, žurnalisler we ygtyýarly guramalaryň, bilim we ylmy-barlag edaralaryň işgärleri ÝHHG-niň gurnan seminarynyň dowamynda teleradioýaýlymy dolandyrmagyň we ýaýlyma bermegiň täze görnüşlerini ara alyp maslahatlaşdylar. «Teleradioýaýlymy dolandyrmagyň halkara standartlary we ýaýlyma bermegiň täze görnüşleri» atly okuw maslahaty 2018-nji ýylyň 21-22-nji maýy aralygynda Aşgabatda...
MALDIWLER RESPUBLIKASYNYŇ DAŞKY GURŞAW GORAMAK WE ENERGETIKA MINISTRI BILEN DUŞUŞYK
2018-nji ýylyň 22-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Daşary işler ministriniň Maldiwler Respublikasynyň daşky gurşaw goramak we energetika ministri Torik Ibragim bilen duşuşygy boldy. Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri Aziýa we Ýuwaş ummany sebitiniň ýurtlary bilen doly möçberli hyzmatdaşlygy güçlendirmek bolup durýar diýip türkmen tarapy belläp geçdi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapy Maldiwler Respublikasy bilen ikitaraplaýyn syýasy gatnaşyklar...
RUSSIÝANYŇ ASTRAHAN OBLASTYNDA MAGTYMGULY PYRAGY ADYNDAKY MEKDEP AÇYLDY
2018-nji ýylyň 18-nji maýynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Astrahan oblastynda saparda boldy. Şol gün Astrahan şäherinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň Astrahan oblastynyň gubernatory A.Žilkin bilen duşuşygy geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar ykdysadyýet, söwda, ulag, gämi gurluşyk, bilim we ylym ulgamlarynda hyzmatdaşlygy işjeň...