SOŇKY HABARLAR
ADSM-4 MAKSATNAMASYNY IŞLÄP TAÝÝARLAMAK BOÝUNÇA SEBIT IŞÇI TOPARYNYŇ BIRINJI MEJLISI GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 16-17-nji maýynda paýtagtymyzyň “Grand Türkmen” myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda “Aral deňzi sebitindäki ýurtlara ýardam etmek boýunça hereketleriň maksatnamasyny” (ADSM-4) işläp taýýarlamak boýunça Sebit işçi toparynyň birinji mejlisi geçirildi, ol Türkmenistanyň Araly halas etmegiň Halkara gaznasyna (AHHG) başlyklyk etmeginiň çäklerinde guraldy. Duşuşyk “Merkezi Aziýada suw serişdelerini serhetüsti dolandyrmak” atly halkara hyzmatdaşlyk boýunça german jemgyýetiniň maksatnamas...
TÜRKMENISTAN — ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASY: MEDENI MIRAS ULGAMYNDA HYZMATDAŞLYK
2018-nji ýylyň 5-nji maýynda Daşkent şäherinde Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrligi ýurdumyzyň Ilçihanasy bilen bilelikde guramagynda medeniýet dessurlary we milli tagamlaryň XVI sergisi geçirildi. Serginiň açylyş dabarasyna Özbegistanda ýerleşýän daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalary we akkreditirlenen halkara guramalary şeýle hem medeniýet işgärleri gatnaşdylar. Her ýylda geçirilýän bu sergide Türkmenistanda çykarylýan dürli görnüşli önümleri özünde jemledi. Pagta süýü...
GYRGYZYSTANDA “TÜRKMENISTAN-BEÝIK ÝÜPEK ÝOLUNYŇ ÝÜREGI” ATLY KUBOGY ALMAK UGRUNDA KIÇI FUTBOL BOÝUNÇA ÝARYŞ GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 5-nji maýynda llçihana tarapyndan Gazagystanyň, Owganystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň we Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky Ilçihanalarynyň hem-de Gyrgyz-Türk Manas uniwersitetiniň futbol toparlarynyň gatnaşmagynda ýurdumyzda yglan edilen “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” atly köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş-medeni çäreleriň biraýlygyna bagyşlanan kiçi futbol boýunça “Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kubogy almak ugrunda ýaryş gurnaldy. Bu ýaryş...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE ÝUNESKO-NYŇ KLASTER EDARASYNYŇ DIREKTORY BILEN DUŞUŞYK
2018-nji ýylyň 4-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Halkara deňiz portunyň dabaraly açylyşyna gatnaşmak maksady bien Aşgabada iş sapary bilen gelen ÝUNESKO-nyň Tähran şäherindäki klaster edarasynyň direktory hanym Ester Kuiş-Laroş bilen duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar hyzmatdaşlagyň ileri tutulýan ugurlary hakynda pikirileri alyşdylar, olaryň hatarynda ylym-bilim we medeniýet ulgamlaryny, dünýä siwilizasiýasynyň ösüşine saldamly goşant goşandygyna şaýat...
AWAZADA YKDYSADY HYZMATDAŞLYK GURAMASYNYŇ AGZA ÝURTLARYNYŇ ULAG WE ARAGATNAŞYK MINISTRLERINIŇ IX MEJLISI GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 3-nji maýynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agza ýurtlarynyň ulag we aragatnaşyk ministrleriniň IX mejlisi boldy. “Deňiz” myhmanhanasynyň maslahatlar merkezinde geçen duşuşyga Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, BMG-niň Aziýa hem-de Ýuwaş umman üçin Ykdysady we durmuş toparynyň (UNESCAP), Halkara awtomobil ulaglar birleşiginiň (IRU) we başga-da birnäçe halkara düzümleriň ýokary wezipeli wekilleri gatnaşdylar. Gün tertibine sebit we sebi...
Türkmenistanyň Seuldaky diplomatik wekilhanasy ýurdumyzyň taryhy-medeni mirasyna bagyşlanan tanyşdyrylyş geçirdi
Koreýanyň daşary ýurt dilleri uniwersitetinde Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçihanasynyň guramagynda “Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” temasyndan tanyşdyrylyş geçirdi. Ýurdumyzyň taryhy-medeni mirasyny wagyz etmäge gönükdirilen çärä şu ýokary okuw mekdebiniň GDA kafedrasynyň magistrantlary we mugallymlary gatnaşdylar. Ýurdumyzyň Seuldaky diplomatik wekilhanasynyň gurnan wideo-tanyşdyrylyşy Koreýanyň ylmy jemgyýetçiliginiň wekillerini türkmen halkynyň baý taryhy-medeni we r...
BERLINDE SÖWDA-YKDYSADY HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA TÜRKMEN-GERMAN IŞ TOPARYNYŇ SEKIZINJI MEJLISI GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 30-njy aprelinde Germaniýanyň Ykdysadyýet we energetika federal ministrliginiň binasynda Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-german iş toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlise gatnaşmak üçin Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Germaniýa Federatiw Respublikasyna bardy. Mejlise iki ýurduň ministrlikleriniň hem-de edaralarynyň, şeýle hem telekeçilik birleşikleriniň we işewürler toparynyň wekil...