SOŇKY HABARLAR
Koreýanyň Songýungwan uniwersitetinde bolan duşuşyk
2016-njy ýylyň 19-njy maýynda Koreýa Respublikasynyň Seul şäherinde Türkmenistanyň Halkara ynsanperwer ylymlary we öşüs uniwerstitetiniň ylym işleri boýunça prorektory K.Kertiýewiň Koreýanyň Songýungwan uniwersitetiniň rektory Çong Kýu-Sang bilen duşuşygy bolup geçdi. Duşuşykda iki ýokary okuw mekdepleriň arasynda hyzmatdaşlyk etmek baradaky ozal gol çekilen ylalaşygy durmuşa geçirmek, mugallymlar we talyplar düzümi derejesinde bilim babatda alyş-çalyşa, bilelikdäki ylmy-gözleg maksatnamalary...
Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçihanasynda türkmen talyplary bilen duşuşyk geçirildi.
2016-njy ýylyň 30-njy aprelinde Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçihanasynda bu ýurtda okaýan türkmen talyplary bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşykda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25-ýyllygy we 2016-njy ýylyň «Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli Türkmenistanda geçirilýän dabaraly çäreler barada talyplara beýan edildi. Şunuň bilen baglylykda, Ilçihana tarapyndan hem Koreýa Respublikasynda geçirilýän dürli çärelere işjeň gatnaşmaklary türkmen talypla...
Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan Seul şäherinde çagalaryň arasynda surat çekme bäsleşigi geçirildi.
2016-njy ýylyň 23-nji aprelinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25-ýyllygy we 2016-njy ýylyň «Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli, Ilçihanamyz tarapyndan Koreýa Respublikasynyň «World Multiculture Museum» atly muzeýiň binasynda «Turkmenistan Through Children’s Eyes Drawing Competition” atly çagalaryň surat çekme bäsleşigi geçirildi. Surat çekme bäsleşigiň başynda Türkmenistanyň medeniýeti, taryhy we Türkmenistanly çagalaryň bilim hem-de terbiýe alyşy...
Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçihanasynda bu ýurtdaky Ilçileriň arasynda stol tennisi boýunça ýaryş geçirildi.
2016-njy ýylyň 15-nji aprelinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25-ýyllygy we 2016-njy ýylyň «Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli, Ilçihanamyz tarapyndan Koreýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçileriň arasynda stol tennisi boýunça ýaryş geçirildi. Gyrgyz Respublikasynyň Koreýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi A.Beşimow bu ýaryşyň ýeňijisi boldy we oňa Ilçihanamyz tarapyndan ýädigärlik sowgat berildi. Mundan...
Seulda “Türkmenistanyň Garaşsyzlygyna 25 ýyl” atly tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2016-njy ýylyň 25-nji martynda Seul şäheriniň Halkara Hanýang uniwersitetinde Koreýa Respublikasy bilen Ýewraziýa yklymynyň ýurtlarynyň senagat ulgamynda hyzmatdaşlygyna bagyşlanyp maslahat geçirildi. Bu maslahatyň işine Merkezi Aziýa döwletleriniň, Russiýa Federasiýasynyň we Ukrainanyň Ilçihanalarynyň wekilleri, Koreýa Respublikasynyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň professorlary we mugallymlary, Koreýanyň iri kompaniýalarynyň we maliýe-ykdysady edaralarynyň wekilleri, alymlar we bilermenl...
Delide Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanyp halkara maslahat geçirildi
2016-njy ýylyň 13-nji fewralynda, Türkmenistanyň şanly Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy mynasybetli çäreleri geçirmek boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygyny ýerine ýetirmek çarçuwasynda, şeýle hem, 2016-njy ýylyň «Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli Nýu Deli şäheriniň «Täj Mahal» myhmanhanasynda Türkmenistanyň Hindistandaky Ilçihanasy Hindi-Türkmen Dostluk Jemgyýeti bilen bilelikde «Garaşsyzlygynyň we ösüşiň 25 ýyly: Türkmenistan we Hindistan» atly...
"GÜNDOGAR-GÜNBATAR” GAZ GEÇIRIJISI AÇYLYP ULANMAGA BERILDI
2015-nji ýylyň 23-nji dekabrynda, Balkan welaýatyna iş sapary bilen gelen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň iri gaz känlerini bir bitewi gaz geçiriji ulgama birleşdiren “Gündogar-Günbatar” gaz geçirijiniň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Täze gaz geçiriji Mary welaýatyndaky “Şatlyk” gaz gysyjy stansiýasyndan Hazarýaka sebitindäki “Belek” gaz gysyjy stansiýasyna çenli çekildi. Bu şatlykly dabara gatnaşmak üçin hökümet agzalary, Mejlisiň deputatlary, ministrlikleriň w...