SOŇKY HABARLAR
Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyna badalga berildi
2015-nji ýylyň 13-nji dekabrynda Mary welaýatynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan /TOPH/ gaz geçirijisiniň hem-de “Galkynyş” gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň ilkinji nobatdakysynyň desgalarynyň gurluşygyna badalga berildi. Bu desgalar başlangyç tapgyrda täze energetika geçirijisiniň serişde binýadyna öwrüler. Dabara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de ýakynda ýurdumyza saparlar bilen gelen Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani, P...
Türkmenistanda ýokary derejeli maslahat geçirildi
2015-nji ýylyň 12-nji dekabrynda “Bitaraplyk syýasaty: Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň ugrunda halkara hyzmatdaşlygy” atly Halkara maslahaty geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin dürli ýurtlaryň döwlet we hökümet Baştutanlary, dünýäniň ýokary syýasy derejeli wekilleri, abraýly halkara we sebit guramalarynyň baştunanlary gatnaşdylar.
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ KOREÝA RESPUBLIKASYNA DÖWLET SAPARY
2015-nji ýylyň 13-nji aprelinde Koreýa Respublikasynyň paýtagtynda ýokary derejedäki türkmen-koreý gepleşikleri geçirildi. «Çhonwade» köşgünde iki ýurduň Liderleri ikiçäk düzümde duşuşyk geçirdiler, soňra gepleşikler hökümet wekiliýetleriň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdi. Gepleşikleriň dowamynda esasy üns iki ýurduň söwda-ykdysady gatnaşyklaryna berildi. Birnäçe ýyllaryň dowamynda Koreýanyň «LG», «Hyundai», «Samsung», «Daewoo», «Kia Motors» ýaly iri kompaniýalary Türkmenistan...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI VII BÜTINDÜNÝÄ SUW FORUMYNA GATNAŞDY
2015-nji ýylyň 12-nji aprelinde Koreýa Respublikasynda bolan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň bu ýurda döwlet saparynyň maksatnamasynyň öňünden Tegu şäherinde geçirilýän VII Bütindünýä suw forumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.Bütindünýä suw Geňeşi (WWC) üç ýyldan bir gezek geçirilýän Bütindünýä suw forumynyň guramaçysy bolup çykyş etdi. Ol 1996-njy ýylda döredildi we dünýäniň 50-den gowak ýurtlaryndan 300 golaý guramany özünde birleşdirýär. WWC-niň ştab-kwartirasy Mars...
SEULDA TÜRKMENISTANYŇ RESMI BAÝRAMÇYLYKLARYNA BAGYŞLANYLYP DABARALY AGŞAMLYK GURNALDY
2015-nji ýylyň 17-nji noýabrynda Seul şäheriniň “Grand Hyatt” myhmanhanasynyň “Regency Hall” banketler zalynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 24 ýyllygy hem-de Hemişelik Bitaraplyk statusyna eýe bolmagynyň 20 ýyllygyna bagyşlanylyp dabaraly kabul edişlik gurnaldy.Bu çärä Seuldaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň ýolbaşçylary we işgärleri, Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri, ýurduň beýleki ministrlikleriniň hem-de edaralarynyň resmi wekilleri, ýerli we da...
TÜRKMENISTAN BILEN KOREÝA RESPUBLIKASYNYŇ ARASYNDAKY SYÝASY GEŇEŞMELER
2015-nji ýylyň 9-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler guraldy.Koreý tarapynyň wekiliýetine Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň ýewropa işleri boýunça departamentiniň baş direktory jenap Park Çul-Min ýolbaşçylyk etdi.Duşuşygyň başynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejelidigini belläp taraplar, iki ýurduň Başutanlarynyň halkara başlangyçlaryna wepalydygyny b...
Türkmenistanyň Ilçisi Braziliýanyň Prezidentine ynanç hatlaryny gowşurdy
2015-nji ýylyň 4-nji noýabrynda Brazilia şäheriniň «Planaltu» Köşgünde Türkmenistanyň Braziliýadaky Adatdan Daşary we Doly Ygtyýarly Ilçisi A.Ataýewanyň Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezidenti Dilma Russeffe ynanç hatlaryny gowşuryş dabarasy boldy. Gepleşikleriň dowamynda Braziliýanyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa öz mähirli salamyny ýetirmegini sorady we türkmen halkynyň gülläp ösmegini arzuw etdi. Resmi kabul edişligiň dowamynda D.Russeff Türkmenistan b...